Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dogry netijäni nädip ýeňil we töwekgel gazanyp bolýar: Psihologlaryň maslahatlary

0
85730

Biz her günde ýüzläp bolmasa-da, onlarça geljekki durmuşymyza azda-kände täsirini ýetirip biljek çözgütleri kabul edýäris. Adatça bolşy ýaly, «Pizza almalymy ýa-da kolbasa» diýen ýaly ownuk sowal üçin biz bary-ýogy 1-2 minut wagt sarp edýäris, emma biziň bütin ömrümiziň dowamyny, iş ýolumyzyň bütin dowamatyny eýeleýän çözgütler hem bolup bilýär. Köpler bolsa ykbal çözüji hasap edilýän şu hili netije çykarmak ýagdaýlarynda howsala düşýärler, şol sebäpdenem köp bilip azdan galýarlar.

Bu makalada psihologlaryň möhüm çözgütleri kabul etmekde duýgulara erk etmek hem-de iň zerur mümkinçiliklere nazar aýlamak babatdaky maslahatlary beýan edilýär.

1. Birbada birnäçe meseleleriň çözgütlerini kabul etmeli bolsa, onda şu aşakdakylary ýerine ýetirmäge synanyşyp bilersiňiz: olary gyssagly we gyssagly däl, soň bolsa möhüm we ähmiýetsiz diýen toparlara bölüň. Geljekdäki işleriňize täsir etjek, diňe anyk möhlet bilen ýerine ýetirmeli wezipeleri ileri tutuň. Möhüm meseleleriň arasynda başgalaryň kömegi bilen ýerine ýetirip boljagy bar bolsa, muny ähmiýetsiz goýmaly däl, işleri paýlaşmagy başarmak durmuşy ýeňilleşdirýär. O diýen bir zerur we gyssagly bolmadyk işleriň bolsa ählisini soňky nokada ýetýänçä goýbolsun edip ýaşap bolar.

Surat: ru.freepik.com

2. Maslahatlar hiç haçan artykmaçlyk etmez. Başgalardan soramak ejizligiň ýa-da hiç zat bilmezligiň alamaty däl, köplenç beýleki adamlaryň berýän maslahaty meselä başga nukdaýnazardan seretmäge, kyn bolan çözgütleri kabul etmegi ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

3. Duýgularyňyza bäs geliň. Bu kyn bolup biler, ýöne muňa meseläňizi üçünji bir adam ýaly pikirlenip çözmäge başlanyňyzda has aýdyň göz ýetirersiňiz. Meseläni öz-özüňiz bilen ara alyp maslahatlaşmaga, ýagny özüňi keseki bir adam diýip pikir edip synanyşyp bolar. Beýleki adamlaryň meselelerini köplenç duýgymyza täsir etdirmezden kabul edýäris we olaryň dogry çözgüdini tapmak duýga orun bermeýänligimiz üçin hemişe örän ýeňil düşýär.

4. Eger çylşyrymly, has köp oýlanmagy talap edýän meseläni çözmek gysga wagtlyk ýeňil-ýelpaý iş bolmasa, onda ony soňa goýmakdan başga alaç ýokdur. Ol barada her pursat alada edip, özüňi gynamak hasam samsyklyk bolsa gerek. Bu hili çemeleşme deliberation-without-attention (ünssüz oýlanmak) diýlip atlandyrylýar. Ol barada gaýybana, pikirde saklap, adaty wagtda bölek-büçek pikirlere gümra bolsaňyz dogrusy bolar.

5. Netijäniň haýryna ýa-da zyýanyňyza boljagyny kesgitlemek. Iň bolmanda ol ýa-da beýleki bir çözgüdiň haýsy ýagdaýlara sebäp bolup biljekdigini, iş ýoluňyza, maddy derejäňize, saglygyňyza we maşgala ýagdaýyňyza nähili täsir edip biljekdigine düşünmegiňiz möhümdir. Mümkin bolup biljek ýaramaz netijeler hakda oýlananyňyzda, olary ýeňip geçmek üçin iň bolmanda ýüzleý meýilnamaňyzy düzmek hem möhümdir.

Surat: ru.freepik.com

6. Kesgitli netijä gelnenden soň bolup biljek oňyn we zyýanly üýtgeşmeleriň nähili ýagdaýa getirip biljekdigini bahalandyryň. Eger bularyň ikinjisiniň mümkinçiligi has ýokary bolsa, wagtlaýyn peýda ýa-da lezzet siz üçin näçe özüne çekiji bolup görünse-de, beýle çözgütden ýüz öwürmek has gowudyr. Köplenç şeýle emosional çözgütden soň ýüze çykýan kynçylyk, şol lezzete ýa-da peýda ymtylmagyň asla gerekli däldigini görkezýär.

7. Netije çykarmaly meseläňiz bilen baglanyşykly mümkin boldugyndan köp maglumat toplaň. Mysal üçin, başga bir ýurda göçmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, şol ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşy barada näçe köp bilseňiz, şol ýurda göçeniňe degýändigine ýa-da asla göçmeli däldigine göz ýetirmäge ýardam eder.

8. Şol bir wagtyň özünde negatiw maglumatlara gulak assaňyz, özüňizde biderek howsala döredip, ýene-de emosional täsire girersiňiz. Dogry maglumatlar bilen bolsa, meýilleriňizi anyk maksatlara öwrüp bilersiňiz.

Şu getirilen umumylaşdyrylan maslahatlardan görnüşi ýaly, kesgitli, dogry we oýlanyşykly netijä gelmek üçin mümkinçilikleri aýdyňlaşdyrmak, maslahatlaşmak (olara ýagdaýa görä eýermek bolar), zerur bolan dogry maglumatlary toplamak we emosional ýagdaýlara ünsli çemeleşmek zerur bolup durýar.

Peýdalanylan çeşmeler:  l-a-b-a.com; incrussia.ru 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar