Öýi, otaglary tertipleşdirmek, ýa-da gepleşik dilinde aýtsak, ony ýygnamak her günüň endige öwrülen işi bolsa-da, tozanlary süpürip, pollary ýuwup, tozan sorujy bilen geçmek ýeterlik ýalydyr, emma bu aslynda o diýen bir beýle-de däl. Hatda iýip-içmegiňem özbaşyna sungat bolşy ýaly, öýi tertipleşdirmegiň, tämizlemegiňem öz has göwnejaý netije berýän usullary bar.
Gürrüňini edýän güýmenje işimiziň dürli hili ýerine ýetiriliş usullary bolup, ol pikirleri öňe süren adamlaryň aýdyşy ýaly, bu usullar öýe bolan söýgiňi, bu güýmenjä bolan islegiňi artdyrýar. «Ýadadýan» işe höwes döredip biler ýaly bu usullar nähilikä, geliň gyzyklanyp geçeliň.
Gujagyňa sygýan zady zyň-da, aýyr — bu usul amerikan ýazyjysy we minimalizm hem-de «Zen Habits» öndürijiligi dogrusynda blogy dörediji Leo Babauta degişli. Alty çaganyň atasynyň ýönekeý işjeňlik bilen baglanyşdyrýan gündelik durmuş ýörelgesinden ýolugra ýygnamak pikiri kemala gelipdir. Dogrusy, ol şeýtmese halys boljagam däldir. Mysal üçin, iýip-içdiňmi, şolbada tarelkaňy ýuwmaly, kir ýa bir tozan basan ýer gördüňmi edil şol pursatyň özünde süpürmeli — umuman, hapalan badyňa aýryp ýetişmeli. Şeýle-de Babautanyň maslahat berýän zatlary şular:
- Eliň ýetýän ýerindäki zatlary ilki ýygnap, soňam golaý gelen ýere tarap süýşüp ýygnaşdyrybermeli;
- Egin eşikleri üç hili tapawutlandyrmaly: «Goýmaly», «Zyňmaly» hem-de «Geregi deger». Eger şularyň soňkusyna degişli hasap edýän eşikleriňiz bar bolsa we olary indiki alty aýyň dowamynda geýmeseňiz, onda hiç hili gynanmaňam, zyňmaga dözemok diýibem durmaň-da, haýal etmän zibilden çykaryň.
Surat: ru.freepik.com
«Flaýledi» — bu öý hojalykçy Marla Silliniň ulanýan usuly. Zenan bu usuly 1999-njy ýylda mälim etdi we şondan bäri hem, ondan peýdalanýanlaryň sany milliona ýetdi.
Bu usulyň manysy her günde belli bir yzygiderlilikde 15 minudyňy öý ýygnamaga sarp etmekde jemlenýär: duşenbe — çagalar otagyny, sişenbe — aşhanany we girelgäni, çarşenbe güni ýatylýan otagy we ş.m. Munda ýygnamaga başlamazdan ozal, özüňize wagt tutuň-da, onuň jyňňyrdy sesine çenli ýygnap dynjak boluň. Marla Silli şeýle-de hepdede bir gezek bir sagatlyk dowam edýän öý ýygnamak işine wagt aýyrmagy maslahat berýär. Onuň aýdyşy ýaly, bu sagadyň dowamynda otagyň dürli ýerlerini süpürmek, pollary ýuwmak zerurdyr.
Netijede bolsa, has möhüm ýerleri — hemişe eşik üýşýän, zatlaryň bulam-bujar bolýan ýerlerini, stollaryň üstüni, aşhanany wagt sarp edip tertipleşdirmek gerekdir.
Diňe halaýan zadyňy goýup, galanyny aýyr — «KonMari» usuly. Muny «Jadyly öý tertipleme» atly kitabyň awtory Mari Kondo hödürleýär. Ýapon ýazyjy zenany dogry usulda öýi ýygnamagy diňe bir otaglaryňy däl-de, eýsem pikirleriňi tertiplemegi aňladýandygyny belleýär.
«KonMari» usulyndan peýdalanýan öý hojalykçylaryň esasy edýän işi öýde diňe gowy görýän zatlaryny goýmakdyr. Eger haýsydyr bir zat ulanylmaýan bolsa ýa-da öýde göwnüňize ýaramaýan bolsa, ondan dynyň. Ýeri gelende aýtsak, öý goşlary bilen «gepleşmek» ýaponlaryň asyl däbi bolup, ol Mari Kondonyň usulynda öý ýygnamagyň esasynda durýan zatlaryň biridir.
Has oňaýly bolmagy üçin öýde zatlary dikligine goýmaga çalyşmaly: usullylyk bilen ýerleşdirmeli ýa-da eşikleri tertipli düýrläp, şkafda gara reňklisinden ak reňklisine, açyk reňklisine tertibinde ýygşyrmaly.
Surat: ru.freepik.com
«Anonim zatlar» usuly 1982-nji ýylda, öýüniň otaglarynyň birinde dissertasiýasyny ýitirip tapmadyk Sandro Felton tarapyndan döredilipdir. Özüniň guramaçylyksyzdygyna düşünip, Sandro Felton öz öý ýygnama düzgünlerini ulanyp başlapdyr. Onuň pikiriçe, otaglary diňe arssaçylyk yzygiderli gözegçilikde saklanan ýagdaýynda, her zadyň öz durmaly ýeri doly kesgitlenende arassa we tertipli saklap bolýar.
«Anonim zatlar» usuly şu hili ýagdaýlarda ýerine düşer:
- zatlary öz ýerinde goýmagy endigiňe öwren mahalyňda;
- ýakynlaryňdan öý ýygnaşmagyny soramak;
- öýdäki zatlary üç guta bölmek: «Zyňmak», «Satmak ýa-da kimdir birine bermek», «Ýygnap goýmak»;
- 30 sekuntdan az wagt alýan işi soňa goýmaly däl (mysal üçin, tarelkany ýuwmak — iýdiň, ýuwduň, ýygnadyň);
- öýüňize ýygy-ýygydan gyraky göz bilen seredip, nätsem gowy bolar diýen nazar bilen yzygiderli seredip görmek.
«Özüňe sowal bilen ýüzlen: Ýangyn dörän halatynda öýden nämeleri gerek diýip çykarardym?!». Bu özboluşly usuly bolsa «ot alýan öý» usulyny oýlan Elison Hojson teklip edýär. Öýünde ýangyn hadysady döräp, diňe özüni, noutbugyny hem-de fotoenjamyny halas edip ýetişen amerikan zenany öýdäki zatlara täzeçil garaýyş bilen seredip başlapdyr. Elisonyň belleýşi ýaly, birmahallar zyňmaga dözmedik egin eşikleri şkafyň aňry çetinde galyp, soňra olaryň o diýen bir zerur bolmandygy üçin nähili geýimlerdigi hem hakydasynda galmandyr. Şonuň üçin, bu usula görä bir tarapdan öýde diňe halaýan egin eşikleriňi, hatda «ot alaýan» halatynda-da tapyp alyp çykjak zatlaryňy goýmaly.
Ýönekeýje mümkinçiliklerden peýdalanyp, öýi höwes bilen ýygnar derejede özüňi ruhlandyryp bolýar, hatda muny başgaça oýlap öz ýygnaýyş usulyňy hem döredip bolar. Emma esasy zat «Arassaçylygyň saglygyň girewidigini» hiç wagt ýadyňdan çykarmaly däl.
Peýdalanylan çeşmeler: cherdak.io; adme.media; houzz.ru
Şeýle-de okaň: