Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ak sport aýakgabyny arassalamagyň 6 usuly

0
34151

Ak sport aýakgaby (krossowkalar, kedler, snikerler...) — tekjede iň ýörgünli aýakgaplar bolup, olary islendik zat bilen geýip bolýar. Bu hili aýakgaplaryň ak reňkde bolmagynyňam kän tapawutly ýeri bar, mysal diýip ony dürli hili görnüş geýimler bilen utgaşdyryp bolýandygyny aýtmak bolar. Şunuň bilenem, olary haýsy ýaşdaky adam geýse-de, gelşiklidir.

Göze ýagty öwüşgin berip duran bu sport aýakgaplary wagtyň geçmegi bilen kirleýän bolsa-da, olary arassalamagyň ugry-ýoly kändir.

Hut ak sport aýakgaplaryny geýmegi halaýanlar üçin makalada olara ideg etmegiň, aýakgaby hapalanmakdan «halas etmegiň» alty hili usuly mysal getirilýär.

Surat: ru.freepik.com

Arassalamazdan ozal, gysgaça taýýarlyk görmek:

  1. Aýakgabyň petegini we bagjyklaryny çykaryň;
  2. Gury şýotga bilen aýakgabyň hapasyny we tozan siňen ýerlerini süpüriň;
  3. Mysal getirilen usullaryň haýsysyny synag edip görseňizem, ilki bilen bu usuly aýakgabyň kiçijik böleginde barlaň. Şol kiçijik bölege nähili täsir edýänini görmek üçin 10 minut garaşyp görüň.

Birinji usul: Diş pastasy

Bu köpleriň bilýän, iň bir täsirli diýýän usullaryndan biri bolsa gerek. Munuň üçin diňe ak reňkdäki pastany we ýumşajyk şýotkany ulanmaly bolýarsyňyz. Pastany aýakgaba çalanyňyzdan soň, gyzgyn suwa batyrylan gubka bilen süpüriň.

Ikinji usul: Çaý sodasy ýa-da «akja» sabyn

Ilki bilen, sodany suw bilen garyp, goýalýança bulamaly, ony bolsa aýakgaba çalyp, 10-15 minut goýmaly, soňra bolsa gubka bilen süpürip arassalamaly. Edil şunuň ýaly görnüşde sport aýakgabyny «akja» sabyn bilenem arassalap bolýar.

Üçünji usul: Sirke (2 çaý çemçesi), kir ýuwujy serişde (2 çaý çemçesi) we limon şiresi ( ýa-da wodorod perekisi, 1 çaý çemçesi)

Bu üç sany goşundyny garyp, aýakgabyň hapalanan ýerlerine çalyp çykmaly. 10-15 minut goýlanyndan soň, mylaýym suw bilen ýuwmaly.

Dördünji usul: Limon şiresi

Ýaňy sykylan limon şiresinden iki çemçe ýaly suw bilen goşup, ony krossowkanyň daşyna çalmaly. Bu usula talabalaýyk çemeleşmelidir.

Bäşinji usul: Iýmit krahmaly

Krahmaly gowy edip çyglamaly, ony aýakgaba suwap, alyşýança 10-15 minut goýmaly. Wagt bolansoň, aýakgaby çyg süpürgiç ýa-da gubka bilen süpürmelidir.

Altynjy usul: Kir ýuwulýan maşyn

Kir ýuwulýan maşynda diňe dokma görnüşindäki krossowkalary ýuwmak bolýar. Mahmal ýa-da deri örtükli aýakgaplar üçin bu usul peýdaly däldir.

Surat: ru.freepik.com

Käbir esasy düzgünler:

  • 20 gradusdan ýokary bolmadyk derejedäki suw bilen arassalamaly;
  • Suwuk zat bilen arassalamaly (poroşok, gel...);
  • Aýakgabyň iki taýynam tekjede deň edip, bile goýmaly;
  • Aýakgabyň kir maşyna zyýany ýetmez ýaly onda bir-iki sany esgini hem bile ýuwmak bolar;
  • Awtomatik guradyjyny öçürmeli.

Aşgabat şäheriniň çäginde döwrebap stildäki sport aýakgaplaryny özünde köp sanly haryt nyşanlaryny jemleýän «FLO» dükanyndan saýlap almak bolýar.

«Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «FLO» dükany ýaňy-ýakynda işläp başlady. Bu ýerde sport aýakgaplarynyň nusgawy görnüşlerinden häzirki zaman stiline kybap gelýän görnüşlerine çenli alyjylara hödürlenýär.

Maşgalanyň islendik agzasyna laýyk geljek aýakgaplar dükandaky «Polaris», «Kinetix», «FLO», «Lumberjack», «Cool», «Lotto» we beýleki haryt nyşanlary ýaly Türkiýäniň ýokary hilli önümlerinde ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde hem, dükanda aýakgaba ideg etmek üçin zerur bolan serişdeler hem satylýar.

«FLO» dükany şu salgyda ýerleşýär: «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezi, 0-njy gat. Telefon belgileri: (+993 64) 76 89 08. Sosial media ulgamyndaky hasaby.

Peýdalanylan çeşmeler: eva-shoes.ru; chita.ru; mentoday.ru; championat.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar