Soňky habarlar

Arhiw

24-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

11:1424.04.2024
0
5906

Parižde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum öz işine başlaýar, Türkmenistan we Beýik Britaniýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler, «China Southern Airlines» awiakompaniýasy Aşgabatdan Urumçi şäherine uçuşlaryň sanyny artdyrýar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Şu gün Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlaýar. Bu abraýly forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guralýar. «Turkmenportal» forumyň resmi media hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. 23-nji aprelde, forumyň başlamagynyň öňüsyrasynda wise-premýer Batyr Amanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýanyň paýtagtyna geldi. Hökümet wekiliýetiniň agzalary «SUEZ» kompaniýasynyň suw arassalaýyş desgasyna baryp gördüler, soňra meşhur Wersal köşgüne, Halkara metan zyňyndylary obserwatoriýasyna bardylar we beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygy mynasybetli guralan «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly sergä gatnaşdylar. Agşam Pariže gezelenç guraldy.

2. 18-nji maýdan başlap Hytaýyň «China Southern Airlines» kompaniýasy Urumçi — Aşgabat — Urumçi ugurlarynda goşmaça hepdelik uçuş hödürlär.

3. 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaý 2,4 milliard dollarlyk türkmen tebigy gazyny import etdi. Hytaýyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, HHR-e gaz eksport edýän öňdebaryjy döwletleriň hatarynda Awstraliýa, Katar we Malaýziýa bar. Häzirki wagtda türkmen gazy Özbegistandan we Gazagystandan geçýän üç turbageçiriji arkaly Hytaý Halk Respublikasyna eksport edilýär.

4. Pakistan 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň ahyryna çenli Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine başlamak üçin gutarnykly tassyknama almagy meýilleşdirýär. TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň zerurlygy tebigy gaza içerki önümçiligiň mukdaryndan has ýokary talap bildirilmegi sebäpli Pakistanyň gaz importyna bolan isleginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Meýilnama görä, TOPH gaz geçirijisi «Galkynyş» ýatagyndan her ýyl 33 milliard kub metr türkmen gazyny iberer.

5. Birleşen Patyşalygyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Kameronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna dol çekdiler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «Blue Marine Foundation» gaznasynyň arasynda Hazar deňziniň biologik dürlüligine, daşky gurşawy gorap saklamak we olaryň goralmagyna ýardam etmek barada özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

6. ÝUNESKO-nyň Fransiýanyň paýtagtyndaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy we Türkmenistanyň medeni mirasy» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen-fransuz arheologiki ekspedisiýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Türkmen milli lybaslarynyň özboluşly toplumlarynyň görkezilişi günüň giň gerimli maksatnamasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dünýäde

7. Milanyň şäheriniň häkimligi şowhunly dabaralary köşeşdirmek we şäher ilatynyň rahat ukusyny üpjün etmek üçin köçe naharlarynyň gijeki söwdasyny çäklendirmek isleýär. Şäher häkimiýeti tarapyndan teklip edilen kanunyň taslamasy ýary gijeden soň pissa, doňdurma we içgiler ýaly iýmit önümleriniň satylmagyny gadagan eder. Çäklendirmeleri maý aýyndan noýabr aýyna çenli girizmek meýilleşdirilýär. Bu gadagançylyk diňe bir köçe naharhanalaryny däl, eýsem, kafeleriň we restoranlaryň tomusky eýwanlaryny hem öz içine alar. Ol ýerde azyk we içgileri satmak iş günleri 00:30-dan soň we dynç we baýramçylyk günleri 01:30-dan soň gadagan ediler.

8. Dünýäniň dürli künjeklerinden 39 sany biolog we filosof birleşip, haýwanlarda aňy ykrar edýän jarnama gol çekdiler. Nýu-Ýork uniwersiteti tarapyndan neşir edilen jarnamada diňe süýdemdirijileri we guşlary däl, eýsem, süýrenijileri, ýerde-suwda ýaşaýanlary, balyklary we köp sanly oňurgasyz haýwanlar, şol sanda mör-möjekleri, leňňeçleri, omarlary, kalmarlary, osminoglary we molýuskalary öz içine alýar. Bu pikiri öňe sürýän alymlar bu haýwanlarda aňly tejribäni görkezýän köp sanly ylmy subutnamalara daýanýarlar.

Sport habarlary

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň ikinji aýlawy başlandy. 23-nji aprelde 10-njy tapgyryň ilkinji oýny bolup, onda «Merw» bilen «Nebitçi» duşuşdy. Duşuşygyň 84-nji minutynda Guwanç Berdimyradowyň goly netijesinde meýdançanyň eýeleri iň az hasap bilen ýeňiş gazandylar. Şu gün 10-njy tapgyryň ýene üç oýny geçiriler: «Köpetdag» «Aşgabady» kabul eder, «Şagadam» «Altyn asyr» bilen oýnar, «Energetik» bolsa «Ahal» bilen duşuşar. Dokuz tapgyr oýnansoň, çempionatda 24 utuk bilen «Arkadag» birinji orunda barýar. Öňdebaryjylaryň hatarynda «Altyn asyr» (18 utuk) bilen «Ahal» (15 utuk) hem bar.

10. «Romanyň» hüjümçisi Serdar Azmun Seriýa A-nyň 33-nji tapgyrynda «Bolonýa» bilen geçirilen oýunda tapawutlanyp, golsuz oýunlarynyň tapgyryny tamamlady. Azmun oýnuň 56-njy minutynda gol geçirip, toparynyň garşydaşy bilen aratapawudyny azaltdy. Netijede, oýun «Bolonýanyň» peýdasyna 1:3 hasabynda tamamlandy. Bu eýranlynyň iki aýdan gowrak wagtyň içinde klub derejesinde ilkinji goly. Iň soňky gezek ol 18-nji fewralda «Frozinone» toparyna garşy oýunda tapawutlanypdy (3: 0).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň