Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dünýäniň 8 sany iň täsin we geň şäheri

0
39493

Dünýäde öz syrlary we gaýtalanmajak täsinlikleri, özboluşlylygy bilen haýrana goýýan ajaýyp ýerler az däl. Emma olaryň arasynda hem diňe bir geň galdyrman, eýsem görenleri pikirlenmäge mejbur edýän, kähalatda bolsa birneme täsinlik ýaly görünýän özbaşyna bir üýtgeşik şäherlerem bar. Gürrüňi edilýän ýerler syýahatçylar üçin gyzykly ýer bolar, ýöne ol ýerde ýaşamak islegi bolsa asla döremese gerek.

Jähennem/Hell (ABŞ)

Jähennem şäheri (Hell) ABŞ-nyň Miçigan ştatynda ýerleşip, bu ýerde jahankeşdelere onuň adyna görä dowzah azaby däl-de, eýsem gyzykly we täsirli başdangeçirmeler garaşýar. Näme üçin oňa «Jähennem» diýilýärkä? Munuň takyk bir jogaby bolmasa-da, bu babatda iki hili waka barada aýdylýar:

1. XIX asyrda bu ýerlere gelip, ýerli gözellige haýran galan iki sany nemes syýahatçysy geň galma duýgusyny daşyna çykarypdyr: Wie schön und hell! («Nähili owadan we aýdyň ýer!»). Nemes dilini bilmeýän bir amerikaly bolsa onuň «hell» diýen sözüne «jähennem» (ýagny, iňlisçe «hell» sözi — «jähennem» diýmek) diýip eşidipdir we bu at dilden-dile geçip galyberipdir.
2. XIX asyrda bu ýerlerde ýel degirmeni, dükan we meýhana bar eken. Erkekler köplenç söwda diýip bu şähere ugrap, wagty bilen dolanmandyrlar, şeýdibem, aýallary olara: «Edil jähenneme gidene döndi-le, deýýus!» diýen ýaly sözler bilen käýinipdirler. 1841-nji ýylda Miçigan ştaty döredilende bolsa şäherçä täze at dakmaly bolup, ilki bilen kellä gelen at hem «Jähennem» sözi bolupdyr.

Surat: dzen.ru/gotohellmichigan

Bu şäherde jahankeşdelere köp sanly dynç alyş we güýmenje gezelenç ýerleri garaşýar. Bu ýerde dostlaryňyza «Jähennemden» hat ibermek üçin niýetlenen poçta bölümi bar. Şeýle hem Jähennemde bir dýuým ululykdaky ýeri satyn alyp bolýar. Ýüz dollardan gowrak bolsa pula bolsa bir günlük dowzahyň häkimi wezipesini alyp bilersiňiz.

Hallştatt (Hytaý)

Aslynda Hallştatt Awstriýanyň göwheri bolup, Alp daglarynyň gujagynda ýerleşýär we adybir köli etekleýär. ÝUNESKO-nyň sanawyndan mynasyp orun alan şäher dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän syýahatçylary barha özüne çekýär. Emma bu ýeriň hytaýly hünärmenleriň eli bilen döredilen ekiz taýy hem bar.

«Hallştatt» — Made in China Gonkongdan uzak bolmadyk ýerde ýerleşen Guangdong welaýatynda döredilen ýerdir. Awstriýanyň idilliýasyndan ylham alan hytaýly milliarder Ýewropanyň bu şäherini öz ýurdunda bina etmek üçin görnetin mukdarda, takmynan, bir milliard dollar maýa goýupdyr. Indi bolsa Hytaýyň raýatlary ýurtlaryndan çykmazdan Ýewropanyň atmosferasyny duýup bilerler.

Surat: dzen.ru/Яндекс картинки

Şeýle-de bolsa, «Hytaý Hallştatty» — bu diňe bir göçürilen nusga-şäher däldir. Bu ýerdäki ýokary derejeli ýaşaýyş toplumy, gozgalmaýan emläkler Awstriýanyňkydan has gymmatdyr.

Ýeri gelende aýtsak, Hallştatt Ýewropanyň Hytaý topragyndaky ilkinji nusga-şäheri däldir. Şanhaýda Beýik Britaniýanyň kiçi göçürmesi bolan Temza şäheri hem bardyr. Bu ýerde nusgawy binagärlik, hakyky aşhanalar, hoşboý ysly çaý we gyzyl telefon stendleri — dumanly Albionyň täsin atmosferasy höküm sürýär.

Setenil-de-Las-Bodegas (Ispaniýa)

Bu şäheriň nähili ýerdigi adyndan melimdir — «Gaýadaky şäher». Şäher gaýadan ösýän ýaly, ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar. Üstünden daşly gaýalar abanyp duran köçelerden ýöremek düýbünden başga duýgulara gaplaýar. Depeleri ullakan daşlardan ybarat bolan jaýlar özüňi ertekide ýaly duýmaga mejbur edýär.

Surat: dzen.ru/Яндекс картинки

Kuber Pedi (Awstraliýa)

Awstraliýa yklymynyň merkezinde, meşhur şäherlerden uzakda, beýlekilerden tapawutly görünýän Kober Pedi şäheri ýerleşýär. Aborigen dilinde onuň ady kupa-piti — «ak adamyň gowagy» diýen manyny berýär. Bu ýöne bir at hem däl — Kober Pediniň bir ýarym müň ýaşaýjysy hakykatdanam ýeriň astynda ýaşaýar.

Şäheriň taryhy 20-nji asyryň başynda, haçanda bu ýere gymmatly opallary gazyp almak isleýän gözlegçileriň aglabasynyň gelmegi bilen başlandy. Birmahallar bu ýerde 50° C-e ýetýän yssy ýaşap bolmaz derejede bolansoň, adamlar yssa çydaman ýeriň astynda halas bolmaga mümkimçilik gözläpdirler.

Surat: dzen.ru/Яндекс картинки

Häzirki wagtda Kober Pedi şäherine hakyky ýerasty metropol diýseňem boljak. Ýaşaýyş jaýlary, dükanlar, galereýalar, iki ybadathana, myhmanhana we hatda muzeý — bularyň hemmesi ýerdäki yssy howadan gizlenýär. Şäheriň aşaky binalary 6 metr çuňluga gidýär.

Longýir (Norwegiýa)

Longýir Şpisbergen arhipelagynda ýerleşip, 2000 töweregi ilaty bilen dünýäniň iň demirgazyk şäheri hasaplanýar.

Longýirdäki durmuş Arktikanyň ýowuz kanunlaryna tabyndyr. Bu sebitde ýylyň dört aýynda gün gözýetimden ýokary çykmasa, polýar gijesi höküm sürýär. Şäherde ýekeje-de pişik ýokdur, sebäbi olar bu ýeriň pes temperaturasyna çydap bilmeýärler.

Surat: dzen.ru/Яндекс картинки

Emma Longýiriň iň täsin aýratynlygy — bu ýerde ölmek bolmaýar. Müdimilik sowugyň içinde beden çüýremeýär-de, mumiýa öwrülýär. Bu bolsa polýar aýylaryny özüne çekip biler, şonuň üçin ölenleriň hemmesini jaýlamak üçin materige äkidýärler.

Kolma (ABŞ)

Beýleki şäherlerden tapawutlylykda, Kolmanyň özboluşly aýratynlygy bar: şäher meýdanyna barabar gonamçylyk.

Bu XIX asyryň altyn özgertmelerinden gözbaş alýar. Gözlegçileriň köpüsi San Fransisko şäherine geldiler, bu ýerdäki ýowuz durmuş şertleri gonamçylyklaryň sanyny artdyrdy. 1900-nji ýylda şäherde merhum jaýlamak gadagan edildi we birnäçe ýyldan soň gonamçylyklary düýbünden aýyrmak kararyna gelindi. Sebäbi olara ideg etjek adam bolmandyr.

Surat: dzen.ru/Яндекс картинки

Çözgüdi bolsa goňşy Kolmadan tapypdyrlar. San Fransisko şäherinden göçürilen mazarlar bilen birlikde bu ýerde soň aradan çykan adamlar hem jaýlanyp başlanypdyr. Häzirki wagtda Kolmanyň bir ýarym müň ýaşaýjysy bar bolsa, şäheriň çäginde şonça-da mazar bar.

Bir wagtlar bu ýerde diňe gonamçylyga ideg edýän adamlar ýaşaýar eken: ruhanylar, gülçüler, mazarçylar, daşçylar. Emma geçen asyryň ahyrynda ýagdaý üýtgäp başlapdyr.

Amerikalylar Kolma şäherine «Ruhlar şäheri» ýa-da «Ümsümlik şäheri» diýip dürlüçe özboluşly at beripdirler. Ýaşaýjylar bolsa degişmä salyp: «Kolmada diri ýaşamak nähili gowy zat!» diýýärler.

Aurowil (Hindistan)

Adamlaryň din, baýlyk, millet ýa-da jemgyýetçilik ýagdaýy bilen çäklenmeýän, «meňki» ýa «seňki» diýip böleşmeýän, öz aralarynda toparlara bölünmeýän ýerini göz öňüne getirip bilermisiňiz. Pula orun ýok bolan bu ýerde bilim, lukmançylyk, sport we güýmenje hemmeler üçin elýeterlidir. Bu ýeriň maksady — adamlaryň umumy maksat üçin birleşip, abadan jemgyýet üçin işlemegi.

Bu şäher 1968-nji ýylda Hindistanyň günortasyndaky Tamil Nadu ştatynda döräpdir. «Daň şäheri» diýmegi aňladýan Aurowil Sowet Soýuzy bilen birlikde 124 ýurduň hyzmatdaşy bolupdyr. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň we Hindistanyň Bilim ministrliginiň taslamasy bolan bu utopik şäher täsin synag taslamasy hökmünde ösmegini dowam etdirýär.

Surat: dzen.ru/auroville.ru

Bu ýerdäki ähli möhüm meseleler ýaşaýjylaryň umumy ýygnagy bilen çözülýär. Iş toparlaryna has köp ýerli meseleler berilýär. Aurowilde işlemek diňe bir pul gazanmagyň usuly däl, özüňi görkezmegiň we ösüşiň ýoludyr. Bu şäheriň syýasatyna laýyklykda, bilim almak bahalar we diplomlar bilen çäklenmeýär, onuň maksady her bir adamyň zehinini ýüze çykarmak hem-de kämilleşdirmek bolup durýar. 

Şäheriň merkezinde sazlaşygyň we ylalaşygyň nyşany ýaly 2008-nji ýylda gurlan Matrimandir — Döredijilik Energiýasynyň ybadathanasy bar. Emma Aurowiliň özi täze, has gowy dünýäniň ideallaryny özünde jemläp, ösmegini dowam etdirýär.

2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda şäheriň ýaşaýjylarynyň sany 3042 adam diýlip hasaba alnypdyr. Aurowiliň ýaşaýjylary 58 ýurduň raýaty bolup, bu ýerdäki hindi raýatlarynyň sany 1353-e ýetýär.

Miýakedzima (Ýaponiýa)

Miýakedzima Ýuwaş ummany bilen ýuwulan adadaky ýapon şäheridir. Adanyň merkezinde wagtal-wagtal zäherli gazlary hem-de külleri dökýän Oýama wulkany ýerleşýär.

Surat: dzen.ru/Яндекс картинки

Töwerekleriniň howply ýerlerdigine garamazdan, Miýakedzimanyň üç müň ýaşaýjysy bu ýeri terk etmezden ýaşap ýörler. Gaz maskalary olaryň aýrylmaz aýratynlygydyr we sirena olary geýmegiň wagtynyň gelendigini görkezýär. Geň tarapy, durmuşyň hut şu aýratynlygy hem ada dynç almak üçin gyzyklanma bildirýän syýahatçylary çekýär.

Peýdalanylan çeşmeler: dzen.ru (Турист-Оптимист), ru.wikipedia.org

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar