Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» DK-niň başlygy GEEÝF-iň Baş sekretary bilen duşuşdy

11:5720.06.2025
0
12653
«Türkmengaz» DK-niň başlygy GEEÝF-iň Baş sekretary bilen duşuşdy
Surat: Newscentralasia.net

18-nji iýunda Dohada Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GEEÝF) baş edarasynda GEEÝF-iň Baş sekretary Mohamed Hamel bilen Türkmenistanyň döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «nCa» portaly habar berdi.

Mohamed Hamel Türkmenistanyň foruma yzygiderli gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, GEEÝF-i döretmekde Türkmenistanyň möhüm başlangyja eýedigini aýratyn belledi. Ol özüniň ýakynda Aşgabada bolan saparlaryny we Kuala-Lumpurda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TEIF) gatnaşandygyny ýatlap, ýurduň dünýäde subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orunda durýandygyny we geljekde dünýä gaz bazarlarynda has-da möhüm üpjün ediji boljakdygy barada aýtdy.

«Galkynyş» ýaly iri känleriň we TOPH turbageçirijisiniň ösdürilmegi bilen, Türkmenistan häzirki önümçiligini iki esse diýen ýaly artdyryp, asyryň ortalarynda ýylda 150 milliard kub metre ýetmäge doly mümkinçiliklere eýe» diýip, M.Hamel belledi.

Baş sekretar forumyň türkmen tarapy bilen gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň we GEEÝF-niň arasynda has çuňňur institutlaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna umyt bildirdi.

Öz gezeginde, Maksat Babaýew Türkmenistanyň tebigy gaz ulgamyndaky meýilnamalary, aýratyn-da, ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilişi we ýurduň gaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak strategiýasy barada aýtdy. Ol ýurtda halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygyny, ýerli institutlaryň bolsa känleriň modellerini taýýarlamak, parnik gazlarynyň zyňyndylaryny gözegçilikde saklamak we guýularda «akylly» diagnostika işlerini geçirmek babatda iş alyp barýandygyny aýratyn nygtady.

«Emeli aň önümçiligi kämilleşdirmäge, zyňyndylary azaltmaga we amaly howpsuzlygy ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri açýar» diýip, döwlet ministri M.Babaýew beledi. Şeýle hem Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda sanly ösüşi we «ýaşyl» tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny maksat edinýän milli taslamalaryň taýýarlanylýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Maksat Babaýew GEEÝF-iň Baş sekretaryny 2025-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» (OGT-2025) halkara maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşyk iki tarapyň hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge we gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň