Soňky habarlar

Arhiw

Döwletjan Ýagşymradow 1 million amerikan dollary üçin göreşer

21:4412.04.2024
0
70101

12-nji aprelden 13-nji aprele geçilýän gijede ABŞ-yň Las-Wegas şäherinde PFL-niň 2024-nji ýyldaky adaty möwsüminiň ikinji ýaryşy geçiriler.

Tutluşyklary «The Theater at Virgin Hotels» arenasynda geçiriljek ýaryşyň göni ýaýlymy Aşgabat wagty bilen gije sagat 03:00-da Okko ulgamynda başlanar.

Guramaçylar ýaryşyň esasy kardyna alty we deslapky kardyna bäş tutluşygy ýerleşdirdiler. Olaryň arasynda Bellatordan PFL-e geçen türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň hem tutluşygy bar. Ol soňky tutluşygynda eminleriň gelen netijesi bilen Maseý Rozanskini ýeňipdi.

Indi bolsa Ýagşymyradow has güýçli garşydaş ― sloweniýaly Jeýkob Nedo bilen tutluşar. Nedo PFl-däki tutluşyklarynyň ählisinde wagtynda ozal ýeňiş gazandy, köp ýeňşini bolsa eýýäm birinji döwde gazanmagy başardy. Bilermenler bu tutluşykda-da Nedonyň ýeňşine garaşýarlar. Ýöne tejribeli Ýagşymyradowyň hem mynasyp garşylyk görkezjekdigini belleýärler.

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazanyp bilse, 1 million amerikan dollary möçberindäki esasy baýragy gazanmaga möhüm ädim äder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň