Soňky habarlar

Arhiw

25-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

10:5725.04.2024
0
8128

Türkmenistanyň Prezidenti tapawutlanan atşynaslara hormatly atlary dakdy, Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy, Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Pariž şäherinde badalga alan Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumy pudagyň ähli ugurlaryna göni maýa goýunlaryny çekmek mümkinçiligini artdyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew maslahatda eden çykyşynda belledi.

2. Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeronyň duşuşygy geçirildi. Taraplar Beýik Britaniýanyň Türkmenistanyň Ýewropa sebitindäki möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini bellediler. Döwletara gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, dostluk, özara düşünişmek esasynda yzygiderli ösdürilýär.

3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Harms Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanda halk häkimiýetliliginiň iň ýokary wekiliçilikli edarasynyň ýolbaşçysy öz gezeginde iki ýurduň ähli ulgamlarda diýen ýaly netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy.

4. Giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Forum assosiasiýasynyň daşary ýurtly agzalarynyň gatnaşmagynda utgaşykly görnüşde geçdi.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow atçylyk pudagyny ösdürmekde gazanan uly üstünliklerini hem-de çeken halal zähmetini nazara alyp, ýurduň tapawutlanan atşynaslarynyň dördüsine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.

6. Türkmenistanda aýratyn kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň täze hökmany kadalary we düzgünleri girizilýär. Degişli buýruk Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan çykaryldy hem-de Adalat ministrliginiň hukuk maglumatlary portalynda ýerleşdirildi. Resminamada kottejleriň ulanyş häsiýetnamalaryna, olaryň gurnawçylyk ulgamlaryna we ulanylýan gurluşyk materiallaryna garamazdan hökmany, şol sanda howpsuzlyk kadalaşdyryjy talaplaryň toplumy bellenilýär. Resminama 1-3 gatly, şol sanda gapdal diwarlary degişdirilip täze gurulýan hem-de durky täzelenilýän ýaşaýyş jaýlar üçin degişli bolup durýar.

Dünýäde

7. Beýik Britaniýanyň Surreý uniwersitetiniň alymlary rak öýjükleriniň içini «görmäge» mümkinçilik berýän özboluşly usuly döretdiler. Usulyň düýp manysy mikroskopik turbalary ulanyp, aýry-aýry rak öýjüklerini çykarmakdan we olaryň lipid düzüminiň derňewinden ybaratdyr. Bu fluoressent boýaglary we köpçülikleýin spektrometriýany ulanmak arkaly mümkin boldy. Gözleg her bir rak öýjüginiň özboluşly «lipid profiliniň» bardygyny görkezdi, bu bolsa olaryň bejergide dürli garşylyklara eýediginiň sebäbini düşündirýär.

8. Sýaoýuý atly 18 ýaşly hytaýly gyza «aşyk bolan beýni sindromy» kesel kesgidi goýuldy. Onuň söýüglisine bolan gyzyklanmasy howsalalyga we zyýanly endige öwrülmek bilen, diňe bir özüniň psihiki saglygyna zeper ýetirmän, eýsem, ýigidiň durmuşyny hem dowzaha öwürdi. Sýaoýuý söýgülisinden özüne yzygiderli gözegçilik etmegini we günüň islendik wagtynda habarnamalaryna gyssagly jogap bermegini, şol sanda kamerany açmagyny talap edýärdi. Günleriň birinde 100-den gowrak jaňyň hiç birine jogap alman, gyz örän gaharlandy. Ol ýaşaýan öýüni agdar-düňder etdi we öz janyna kast etmek bilen haýbat atdy. Bolsa-da, ýigit tarapyndan çagyrylan polisiýa wagtynda geldi we Sýaoýuýy düzdip bolmajak hereketden halas etdi.

Sport habarlary

9. Nigeriýaly Tunde Onakoýýa we ABŞ-dan Şon Martines yzygiderli 60 sagat oýnap, küşt oýnunyň dowamlylygy boýunça täze dünýä rekordyny goýdular. Bu waka Nýu-Ýorkuň Taýms meýdançasynda geçirildi, bu ýerde küşt tagtasy, küştüň mallary we taýmer ýerleşdirilen stol guruldy. Onakoýýa rekord goýmakdan başga-da, ähli oýunlarda ýeňiş gazandy. Olaryň oýny köp sanly adamyň ünsüni özüne çekdi, adamlar iki günden gowrak wagt grossmeýsterleriň arasyndaky gapma-garşylygy yzarladylar.

10. Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç sport äleminiň «Oskary» hasaplanýan abraýly «Laureus» baýragynyň bäşinji gezek eýesi boldy. Jokowiç bu ugurda Arman Duplantis, Erling Holann, Noa Laýlz, Lionel Messi, Maks Ferstappen ýaly sportuň ägirtlerini yzda galdyrdy. Bu Jokowiçiň eýýäm bäşinji «Laureus» baýragy, bu bolsa ony bu ugurda gazanylan ýeňişleriň sany boýunça ikinji orunda goýýar. Rekord 6 baýragy bolan şweýsariýaly tennisçi Rojer Federere degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň