Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

17:4026.04.2024
0
11220
Aşgabat şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
Surat: infogra.ru

2024-nji ýylyň 8-nji maýynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara-binasynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçiriler.

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilen bilelikde guramagynda geçiriljek çäre sagat 09:00-dan 12:00-a çenli dowam eder.

Guramaçylar işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidigini ýatladýarlar.

Habarlaşmak üçin:

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-14-56

Bagtyýarlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-68

Berkararlyk etrabynyň Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy, tel: 37-46-67

Büzmeýin etrabynyň Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy, tel: 35-12-69

Köpetdag etrabynyň Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-15-26

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy, tel:22-74-07.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň