Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň flotuny kämilleşdirmegi tabşyrdy

20:4627.01.2023
0
34300

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň penşenbe güni Mary şäherinde geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe halkara standartlara laýyklykda, deňiz we derýa ulagy pudagynyň dolandyrylmagyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň, halkara ýük daşamagy amala aşyrýan daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurduň gämigurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna milli deňiz flotunyň giňeldilmegini, dürli görnüşli gämileriň gurluşygynyň özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Bu mejlisde M.Çakyýew döwlet Baştutanyna «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, häzirki wagtda bu ulgamda toplumlaýyn işleriň depginini ýokarlandyrmak, şol sanda dünýäniň oňyn tejribesini öwrenmek we ulanmak, halkara ýük daşamalary ösdürmek boýunça mümkinçiliklerden peýdalanmak babatda işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň