Azyk önümlerini öndüriji hökmünde giňden tanalýan «Täze Aý» türkmen kompaniýasy oba hojalygy üçin kombinirlenen iýmleri öndürmek ugruny hem işjeň ösdürýär. Häzirki wagtda kärhana iri daýhan hojalyklarynyň we hususy maldarçylyk bilen meşgullanýanlaryň isleglerini nazara alyp, guşçulyk, maldarçylyk we balykçylyk ugurlary üçin niýetlenen iým önümleriniň giň görnüşlerini hödürleýär.
Önümleriň arasynda guşlar üçin niýetlenen kombinirlenen iýmler aýratyn orun eýeleýär. Kompaniýa bedene jüýjeleri üçin owradylan görnüşdäki iýmleri, ýumurtga berijiligini ýokary derejede saklamaga ýardam edýän ýumurtgalyk bedeneler üçin ýöriteleşdirilen iýmleri, şeýle hem jüýjeleri iýmitlendirmek amatly bolan we olaryň talabalaýyk ösmegini üpjün edýän jüýje iýmlerini öndürýär.

Guşçulyk önümlerinden başga-da, «Täze Aý» kärhanasy iri şahly mallar üçin hem kombinirlenen iýmleri öndürýär. Bu ugurda mallaryň semremek we süýt bermek döwürleriniň dürli tapgyrlary hem-de iýmitleniş aýratynlyklary nazara alnyp taýynlanan iýmler hödürlenilýär. Mundan başga-da, kärhana ownuk şahly mallar üçin kombinirlenen iýmleri, şeýle hem balyk hojalyklary üçin ýöriteleşdirilen iým garyndylaryny çykarýar.
Iýmler taýýarlananda çig malyň hiline we düzüminiň sazlaşyklylygyna aýratyn üns berilýär. Kombinirlenen iýmleriň her bir görnüşi zerur bolan witaminler we minerallar bilen baýlaşdyrylan dokuz sany komponenti öz içine alýar. Şeýle çemeleşme mallaryň we guşlaryň ösmegi, ýetişmegi hem-de öndürijiligini saklamagy üçin zerur bolan doly derejeli iým binýadyny döretmäge mümkinçilik berýär.

Kompaniýada tebigy goşundylaryň ulanylmagynyň mallaryň we guşlaryň immunitetiniň berkemegine hem goşant goşýandygyny belleýärler. Hil gözegçiligi çig maly saýlap almakdan başlap, taýyn önümi çykarmaga çenli önümçiligiň ähli tapgyrlarynda amala aşyrylýar. Bu bolsa iýmleriň durnukly häsiýetlerini saklamaga we oba hojalyk önümçiliginiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegine şert döredýär.
Kombinirlenen iýmleri öndürmek ugry kärhananyň işiniň möhüm bölegine öwrüldi. «Täze Aý» önüm görnüşlerini giňeltmek bilen, döwrebap önümçilik tehnologiýalaryny we kämil usulda saýlanan reseptleri utgaşdyryp, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine mallaryň we guşlaryň dürli görnüşleri üçin iýmleriň giň toplumyny hödürlemegi maksat edinýär.
Kompaniýanyň önümçilik toplumy Mary welaýatynda ýerleşýär. Kärhananyň kuwwatlylygy gije-gündizde 15 tonna çenli kombinirlenen iým öndürmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa önümleriň ýurdumyzyň dürli sebitlerine yzygiderli ugradylmagyny üpjün edýär.

Häzirki wagtda «Täze Aý» kombinirlenen iýmleri oba hojalygyny ösdürmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeleriň bir bölegine öwrülip, fermerlere bedeneleri, towuklary, iri we ownuk şahly mallary, şeýle hem balyklary ýetişdirmek üçin kämil çözgütleri hödürleýär. Kärhana haryt görnüşleriniň köpdürlüligi we hile bolan ünsi netijesinde, diňe bir azyk harytlary bazarynda däl, eýsem, obasenagat toplumy üçin önümleriň önümçiligi ulgamynda hem öz ornyny yzygiderli berkidýär.