Turkmenportal logo
07.07.2026
4113441134
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arsen Awagýan: Ermenistan Türkmenistan bilen energetika, ulag-logistika pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan «Turkmenportal» internet-neşirine beren interwýusynda Ýerewanyň energetika, ulag-logistika pudaklarynda, şol sanda Türkmenbaşy portunyň we «Parahatçylygyň çatrygy» taslamasynyň mümkinçiliklerini ulanmak esasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Mundan başga-da, ol söwda dolanyşygynyň depgini, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, şeýle hem Ermenistandaky parlament saýlawlaryndan soň, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada gürrüň berdi.

Ermenistan bilen Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda özara hormata we hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylyga esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklary ilerledip gelýärler. Biz Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Arsen Awagýan bilen söhbetdeşlikde syýasy gepleşikleriň derejesini, ulag-logistika we energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem iki halky ruhy taýdan birleşdirýän medeni-taryhy mirasy ara alyp maslahatlaşdyk.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklar

— Siz ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyna nähili baha berýärsiňiz? Bu günki günde iki ýurduň arasyndaky syýasy dialog nähili derejede alnyp barylýar?

— Ermenistan Respublikasy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berýär. Biziň ýurtlarymyz özara hormata, deňhukuklylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyň esasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklara eýedirler.

Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy dialog netijeli we ygtybarly häsiýete eýe bolup, dürli derejelerde alnyp barylýar. Daşary syýasat edaralarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň arasynda gatnaşyklar netijeli ilerledilýär, parlamentara hyzmatdaşlyk ösýär. Şunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işine möhüm orun degişlidir.

Biziň ýurdumyz Türkmenistany Merkezi Aziýada möhüm hyzmatdaş ýurtlaryň biri hasaplaýar we özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga ähmiýet berýär.

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň nygtaýşy ýaly, Ermenistan Respublikasynyň daşary syýasaty ähli hyzmatdaş taraplar bilen hormat goýmaga we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Ermenistan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga hut şu maksat bilen garaýar, iki dostlukly ýurduň arasyndaky syýasy dialogy has-da berkitmäge hem-de netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly ähmiýet berýär.

— Ermenistan 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine we türkmen tarapynyň teklip eden ileri tutýan ugurlaryna nähili baha berýär?

— Biz 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine uly hormat we kanagatlanma bilen garaýarys hem-de türkmen tarapynyň teklip eden ileri tutýan ugurlaryna, başlangyçlaryna ýokary baha berýäris. Olar özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ulag-logistika pudagynda gatnaşyklary ilerletmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk

— Soňky ýyllarda Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny nähili depginde ilerleýär? Haýsy pudaklarda has uly mümkinçilikleri görýärsiňiz?

— Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Ermenistan Respublikasynyň Statistika komitetiniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, ikitaraplaýyn söwda soňky ýyllarda durnukly we oňyn ösüşe eýedir.

Söwda dolanyşygy 2022-nji ýylda 21,1 million töweregi amerikan dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylda hem şol derejede saklanan bolsa, eýýäm 2024-nji ýylda 22,3 million amerikan dollaryndan geçdi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 36,5 million amerikan dollaryna ýetdi. Munuň özi bu ugurda görnetin ösüş gazanylýandygyny äşgär edýär.

Oňyn ösüş depgini şu ýylda hem saklanýar. 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň netijelerine görä, Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy eýýäm 17,5 million amerikan dollaryna deň boldy, bu bolsa söwda-ykdysady ulgamda ýokary işjeňligiň saklanýandygyna şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda söwda dolanyşygynyň ösüşi Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýär we bar bolan mümkinçilikler özara söwdanyň möçberiniň has-da artmagyna hem-de bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýol açýar.

2026-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Ýerewanda geçirilen Bilelikdäki ermeni-türkmen işewürlik forumyny aýratyn bellemek isleýärin. Bu forum iki ýurduň işewürleriniň we hususy pudagynyň arasyndaky gatnaşyklar hem-de hyzmatdaşlyk üçin täze özboluşly meýdança öwrüldi.

Şunuň bilen birlikde, häzirki görkezijileriň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hakyky mümkinçiliklerini doly açyp görkezmeýändigini nygtamak gerek. Energetikada, ulag-logistikada, himiýa, derman we dokma senagatynda, oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarda, tehnologiýada, şeýle hem sanlylaşdyrma we innowasiýalar ýaly ugurlarda uly mümkinçilikler açylýar.

Biz ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de ýurtlarymyzyň üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Bu bolsa sebitara arabaglanyşygy işjeňleşdirmekde häzirki tendensiýalara doly laýyk gelýär.

— Häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin institusional mehanizmler — ylalaşyklar, hökümetara komissiýalar... barmy?

— Hawa, Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur bolan hukuk we institusional gor döredildi. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan birnäçe döwletara we pudagara ylalaşyklar hereket edýär.

Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara topar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň esasy hereketlendirijisidir. Onuň iş alyp baran ýyllarynyň dowamynda eýýäm on duşuşyk geçirilip, olaryň iň soňkusy 2025-nji ýylyň martynda Ýerewanda boldy. Şeýle hem şu ýylda Aşgabatda ýene bir duşuşygy geçirmek meýilleşdirildi. Toparyň işiniň netijesinde, söwda, energetika, ulag, senagat, oba hojalygy, bilim, ylym we medeni ulgamlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitleýän resminamalar kabul edilýär.

Şunda iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklar hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu gepleşikleriň netijeli dowam etdirilmegine we bilelikdäki başlangyçlaryň yzygiderli öňe sürülmegine mümkinçilik berýär.

Bar bolan mehanizmleriň hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi we täze özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ygtybarly binýady döredýändigini aýratyn nygtamalydyrys.

Ermenistandaky Parlament saýlawlary

— 7-nji iýunda Ermenistanda parlament saýlawlary geçirildi. Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň jemleýji netijelerine görä, häkimiýet başyndaky «Raýat Şertnamasy» partiýasy sesleriň takmynan 50% sese we 64 mandata eýe boldy, parlamente şeýle hem «Kuwwatly Ermenistan» we «Ermenistan» bloklary hem girdi. Saýlawlaryň üstünlikli geçirilendigi bilen bagly gutlaglarymyzy kabul ediň. Siz olaryň netijelerine nähili baha berýärsiňiz?

— 2026-njy ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen parlament saýlawlary Ermenistan Respublikasynyň syýasy durmuşynda möhüm tapgyr boldy we ýurdumyzyň demokratik ýörelgelere hem-de konstitusion kadalara ygrarlylygyny ýene bir ýola tassyklady. Ses berlişigiň netijeleri boýunça täze Milli Mejlis we Hökümet dörediler. Ol döwlet institutlarynyň dowamlylygyny üpjün edýär we ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalaryny mundan beýläk-de amala aşyrmak, şeýle hem döwletiň daşary syýasat gün tertibini dowam etdirmek üçin zerur şertleri döredýär.

— Ermenistanyň daşary syýasatyny täze parlament döwründe, şol sanda GDA we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek babatda nähili görýärsiňiz?

— Ermenistan Respublikasynyň daşary syýasaty durnukly bolmagynda galýar we özygtyýarlylygyň, özara hormat goýmagyň, konstruktiw dialogyň we ähli halkara hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýörelgelerine esaslanýar.

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň belleýşi ýaly, Ermenistan daşary gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny alyp barýar, bu bolsa bölünişik serhetlerini döretmäge däl-de, mümkin boldugyça ýurtlaryň aglabasy bilen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.

Şu nukdaýnazardan, Ermenistan GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.

Ermenistan Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Biz bu sebitiň ýurtlaryny möhüm hyzmatdaşlarymyz hasaplamak bilen, olar bilen syýasy dialogy, söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag-logistika hyzmatdaşlygyny, şeýle hem ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýäris.

Bu babatda Türkmenistan aýratyn orun eýeleýär. Biz ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly häsiýetine ýokary baha berýäris we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçilikleriniň az däldigine ynanýarys. Türkmenistan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak özara baglanyşygy berkitmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hem-de halklarymyzyň arasyndaky dialogy giňeltmek üçin örän bähbitlidir.

Ermenistan parahatçylyk, durnuklylyk we hyzmatdaşlyk gurşawyny döretmegiň tarapdary bolup yzygiderli çykyş edýär.

Bilim we talyplar

— Şu günki günde Ermenistanda türkmen talyplarynyň näçesi okap bilim alýar? Haýsy ugurlara has köp isleg bildirilýär?

— Häzirki wagtda Ermenistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen raýatlarynyň 13-si okaýar. Bilşiňiz ýaly, munuň özi, heniz bar bolan giň mümkinçilikler göz öňünde tutulanda, azdyr.

Türkmen talyplarynyň arasynda iň gyzyklanma bildirilýän ugurlar binagärlik, gurluşyk, inženerçilik we lukmançylyk hünärleridir. Hususan-da, binagärlik, senagat we gurluşyk, şäher gurluşygy we kadastr, lukmançylyk hem-de dermanhana ýaly ugurlar boýunça okalýar. Şeýle hem halkara gatnaşyklar, dil bilimi we beýleki ynsanperwer ugurlar hem bar.

— Türkmenistandan ýokary okuwa dalaşgärler üçin nähili mümkinçilikler bar — döwlet maksatnamalary, grantlar, uniwersitetleriň arasyndaky ylalaşyklar?..

— Ermenistan, adatça, halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýär we ýurdumyzda ýokary bilim almak isleýän türkmen dalaşgärlerini uly höwes bilen kabul edýär.

Soňky ýyllarda daşary ýurt raýatlary üçin okuwa kabul ediş işi has amatly we döwrebap görnüşe eýe boldy. Geçen ýyldan bäri Ermenistanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin arza tabşyrmak Bilim, ylym, medeniýet we sport ministrliginiň fs.emis.am maglumat ulgamy arkaly elektron görnüşinde amala aşyrylýar.

2026-2027-nji okuw ýyly üçin daşary ýurt raýatlaryndan arzalar 2026-njy ýylyň 22-nji iýunynda kabul edilip başlanýar. Adaty we üznüksiz utgaşdyrylan bilim boýunça bakalawr maksatnamalarynyň birinji ýylyna kabul edilmek üçin nazaryýet synaglary Ermenistan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde 2026-njy ýylyň 28-nji awgustyndan — 9-njy oktýabryna çenli geçiriler.

Ermenistanyň uniwersitetleri giň gerimli bilim maksatnamalaryny hödürleýärler we halkara hyzmatdaşlygy we uniwersitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ilerletmäge ýykgyn edýärler. Biz Ermenistanyň ýokary okuw mekdeplerine Türkmenistandan has köp talyplary kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys we bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň halklarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegi we dostlugy has-da pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna ynanýarys.

Ulag-logistika ulgamy

— Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda gatnaw ugurlarynyň çatrygynda, amatly geografiki ýerde ýerleşýär. Bu babatda iki ýurduň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine nähili baha berýärsiňiz?

— Ermenistan Merkezi Aziýada esasy ulag-logistika merkezi bolan we Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky esasy gatnaw ugurlarynyň çatrygynda, özboluşly geografiki çäkde ýerleşýän Türkmenistanyň bu ugurdaky mümkinçiliklerine ýokary baha berýär.

Häzirki şertlerde ulag arabaglanyşygyny ösdürmek barha möhüm ähmiýete eýe bolýar we şunuň bilen baglylykda, biz ermeni-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri görýäris. Biziň ýurtlarymyzyň geografik taýdan ýerleşişi, şeýle hem ösen ulag infrastrukturasy söwda akymlaryny güýçlendirmek hem-de bilelikdäki logistika taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.

Ermenistan sebitleýin aragatnaşygyň ösdürilmegini we özygtyýarlylyk, çäk bitewüligi, deňlik hem-de özara gatnaşyklar ýaly ýörelgelere esaslanýan netijeli ulag gatnaw ugurlarynyň döredilmegini yzygiderli goldaýar.

Ýewraziýa ulag gatnaşyklaryny ösdürmegiň giň ugurlary bilen baglylykda, döredilýän täze halkara gatnaw ugurlarynyň çygrynda hem täze mümkinçilikler açylýar. Munda Ermenistanyň Hökümeti tarapyndan öňe sürlen «Parahatçylygyň çatrygy» taslamasy möhüm ähmiýete eýedir. TRIPP (Halkara parahatçylyk we gülläp ösüş üçin Trampyň ýoly) taslamasy hem onuň aýrylmaz bölegi bolup, ol sebitleýin gatnaşygy pugtalandyrmagy we Günorta Kawkaz, Merkezi Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda goşmaça ulag mümkinçiliklerini döretmegi maksat edinýär.

Şu nukdaýnazardan, Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlygy örän geljegi uly ugur diýip bolar. Halkara gämi gatnawlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, multimodal ulag ugurlaryny ösdürmek hem-de ýurtlarymyzyň üstaşyr kuwwatyny has netijeli ulanmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri görýäris.

— Hazar deňzindäki Türkmenbaşy halkara porty sebitde esasy ulag merkezleriniň biridir. Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdada ondan peýdalanmak babatda mümkinçilikleri görýärsiňizmi?

— Elbetde. Biz Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň Hazar sebitinde iň möhüm ulag-logistika merkezleriniň biri we häzirki zaman Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň esasy bölegi hökmünde tutýan ornuna ýokary baha berýäris. Soňky ýyllarda Türkmenistan port infrastrukturasyny yzygiderli ösdürýär we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň esasy multimodal merkez hökmündäki ornuny pugtalandyrýar. Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň 2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Türkmenbaşy halkara portuna baryp, onuň mümkinçilikleri bilen tanşandygyny hem şu ýerde aýratyn nygtamak isleýärin.

Ermeni-türkmen söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýokarlanýandygyny we Transkaspi halkara ulag gatnaw ugrunyň ähmiýetiniň artýandygyny göz öňünde tutup, ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek üçin Türkmenbaşy halkara portunyň mümkinçiliklerinden has işjeň peýdalanmak üçin oňat mümkinçilikleri görýäris.

Portuň döwrebap infrastrukturasy, geografik ýerleşişi hem-de onuň Türkmenistanyň demir ýol we awtoulag ulgamlary bilen utgaşdyrylmagy köpugurly gatnawlaryň ösmegi we logistika zynjyrlarynyň netijeliliginiň ýokarlanmagy üçin amatly şertleri döredýär.

Ulag geçelgeleriniň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, şeýle hem «Parahatçylygyň çatrygy» başlangyjynyň we arabaglanyşygy güýçlendirmäge gönükdirilen beýleki halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerinden has-da köp peýdalanmaga we ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýene-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýarys.

— Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawy ozal bardy, ýöne häzirki wagtda şeýle uçuşlar amala aşyrylmaýar. Göni uçuşlary dikeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýarmy? Ýolagçy gatnawy we iki ýurduň arasyndaky işewürlik hem-de ynsanperwer gatnaşyklar göz öňünde tutulanda, bu ykdysady taýdan näderejede mümkin bolar?

— Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasynda göni howa gatnawynyň amala aşyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ilerlemegi üçin, gürrüňsiz, wajypdyr. Biziň ýurtlarymyz eýýäm göni uçuşlary amala aşyrmak babatda tejribä eýe bolup, howa gatnawy üçin häzirki şertnama-hukuk binýady bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin zerur şertleri döredýär.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşmegi, bilim, medeni hem ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösmegi, şeýle hem iş we dynç alyş syýahatlaryna bolan gyzyklanmanyň artmagy göz öňünde tutulanda, göni howa gatnawlarynyň dikeldilmegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine goşmaça itergi berip biler.

Yzygiderli uçuşlaryň ykdysady taýdan amatlylygy, elbetde, ýolagçy gatnawy we howa gatnawlarynyň täjirçilik hasaplamalary ýaly birnäçe şertlere baglydyr. Onda-da biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uzagyndan barha giňeldilmegi netijesinde göni howa gatnawlarynyň dikeldilmegi üçin obýektiw şertleriň ýokarlanjakdygyna ynanýarys.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk

— Türkmenistan tassyklamalara laýyklykda dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orunda durýar. Ermenistanyň türkmen energiýa serişdelerine gyzyklanmasy barmy? Iki ýurduň arasynda tebigy gaz bilen üpjünçilik, bilelikdäki taslamalar ýa-da energetika hyzmatdaşlygynyň beýleki görnüşleri boýunça gepleşikler ýa-da maslahatlaşmalar dowam geçirilýärmi?

— Ermenistan energiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we energiýa çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny yzygiderli alyp barýar we Türkmenistanyň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenistan bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine uly ähmiýet berýär. Çünki dünýäde iň uly tebigy gaz gorlarynyň birine eýe bolan Türkmenistan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde we üpjünçiligi diwersifikasiýalaşdyrmakda hem möhüm hyzmatdaşdyr. Energetika adatça ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün tertibinde wajyp orun eýeleýär. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň çäklerinde, şeýle hem iki ýurduň degişli ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklarda yzygiderli ara alnyp maslahatlaşylýar.

Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň berk taryhy binýadynyň bardygyny hem bellemek gerek. 1990-njy ýyllarda Türkmenistan Ermenistana tebigy gazy ugradýan esasy üpjün edijileriň biridi we bu toplanan tejribe hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly esasy döredýär. Şu nukdaýnazardan, türkmen energiýa serişdeleri gyzyklanma döredýär we uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Soňky ýyllarda energetika hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça birnäçe maslahatlar we bilermenleriň pikir alyşmalary geçirildi. Hususan-da, Ermenistan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär.

Şunuň bilen birlikde, Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygy diňe gaz üpjünçiligi bilen çäklenmeýär. Biz tejribe alyşmak, döwrebap energiýa tehnologiýalaryny ösdürmek we özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmek ýaly beýleki ugurlarda hem uly geljegi görýäris.

Ynsanperwer gatnaşyklar

— Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini ýa-da iki ýurduň arasynda beýleki medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýärmi?

— Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyz medeniýet, sungat, bilim we taryhy mirasy gorap saklamak babatda uly tejribe topladylar. Hususan-da, ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu halklarymyzyň arasyndaky dostlugy has-da berkitmek üçin möhüm çäre bolar, ermeni jemgyýetçiligine Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

— Ermeni we türkmen halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary şöhlelendirýän gadymy golýazmalary we taryhy çeşmeleri öwrenmekde hyzmatdaşlyk edilýärmi?

— Halklarymyzyň baý taryhy mirasy ylmy we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

Taryhy çeşmeleri we golýazma mirasyny öwrenmekde aýratyn gyzyklanmalar bar. Maglumatlara görä, Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti öwrenilende diňe bir Merkezi Aziýa sebitiniň dürli taryhy döwürlerdäki syýasy, ykdysady we medeni durmuşy barada däl, eýsem, sebitden daşary türkmen döwlet gurluşlary barada hem gymmatly maglumatlary özünde saklaýan ermeni ýazuw çeşmelerine alymlar gaýta-gaýta ýüzlenipdirler. Bu materiallar ylmy gyzyklanmany dowam etdirýär we halklarymyzyň umumy taryhy mirasyny has çuňňur öwrenmäge goşant goşýar.

Bu işde ylmy işgärleriň, taryhçylaryň we golýazma mirasy boýunça hünärmenleriň hyzmatdaşlygy möhüm orna eýedir. Şeýle hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri bar we ol Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýär. Mysal üçin, 1998-nji ýylda Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň Maştos adyndaky Gadymy golýazmalar instituty we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli Golýazmalar instituty tarapyndan bilelikde «Garagoýunly we Akgoýunly türkmen döwletleri hakyndaky ilkinji ermeni çeşmeleri» atly kitap taýýarlanylyp neşir edildi.

— Türkmenbaşy şäherinde taryhy we medeni gymmatlyklara eýe bolan ermeni ybadathanasy saklanyp galypdyr. Ony ermeni tarapynyň ýa-da halkara guramalaryň goldawy bilen dikeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýarmy?

— Ermeni tarapy taryhy we medeni mirasa berilýän üns-idege ýokary baha berýär we umumy taryhy mirasymyzyň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy şäherindäki ermeni ybadathanasynyň saklanyp galmagyny minnetdarlyk bilen belleýär.

Medeni mirasymyzyň möhüm bölegi bolan taryhy ýerleri gorap saklamak we dikeltmek bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirýän taraplaryň bu işe toplumlaýyn çemeleşmegini hem-de ýakyn hyzmatdaşlygyny talap edýär. Biz şeýle ýadygärlikleriň diňe bir milli däl, eýsem, umumy medeni gymmata eýedigine ynanýarys. Şonuň üçin olary gorap saklamaga gönükdirilen islendik başlangyçlar ünse we goldawa mynasypdyr.

— Ermenistanyň Ararat oblastynyň Argawand obasynda Garagoýunly dinastiýasynyň türkmen emirleriniň XV asyra degişli mawzoleýi ýerleşýär. Bu iki halkyň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur taryhy köklerini ýatladýan seýrek ýadygärlikdir. Ermeni tarapy bu ýeri gorap saklamak we wagyz etmek babatda Türkmenistan bilen bilelikdäki iş üçin mümkinçilikleri görýärmi?

— Argawand obasyndaky Garagoýunly dinastiýasynyň türkmen emirleriniň mawzoleýi ermeni we türkmen halklarynyň arasyndaky asyrlaryň dowamyndaky taryhy gatnaşyklary alamatlandyrýan özboluşly ýadygärlikdir.

Mawzoleý Ermenistan Respublikasynyň Gozgalmaýan taryhy we medeni ýadygärlikleriniň döwlet sanawyna girizildi hem-de «Gozgalmaýan taryhy we medeni ýadygärlikleri hem-de taryhy gurşawy goramak we ulanmak hakynda» Ermenistan Respublikasynyň Kanunyna laýyklykda, döwlet goragynda saklanýar. Ermenistan bu ýeri sebitiň taryhy we medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde gorap saklamaga aýratyn üns berýär.

Häzirki wagtda bu ýeri degişli derejede gorap saklamak we soňra dikeltmek üçin onuň häzirki tehniki ýagdaýyny we ony goramakda häzirki zaman ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutup, zerur üýtgetmeleri girizmek bilen, bar bolan ylmy-taslama resminamalaryny täzelemek meýilnamalary amala aşyrylýar.

Täzelenen ylmy-taslama resminamalary tamamlanandan soň, ermeni tarapy ony gözden geçirmek we hünärmen pikirlerini we tekliplerini almak üçin türkmen tarapyna hödürlemäge taýýardyr. Biz bu gatnaşyklaryň formatyna tejribe alyşmak we ýurtlarymyzyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmek üçin özara bähbitli mehanizm hökmünde garaýarys.

Şunuň bilen birlikde, täzelenen ylmy-taslama resminamalaryndan soň, ermeni tarapy medeni mirasy goramak boýunça ygtyýarly döwlet edarasynyň utgaşdyrmagy we maliýeleşdirmegi bilen, Ermenistan Respublikasynyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dikeldiş işlerine başlamagy meýilleşdirýär.