Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýolbaşçylygyna bellendi, kosmos ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy, «Demirýollary» otly peteklerini satyn almak üçin täze ykjam programmasyny işe girizdi we beýleki habarlar

10:5909.01.2023
0
27894

1. Türkmenistan we Hytaý kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň «Ženmin žibao» gazetinde çap edilen makalasynda durlup geçilýär. Berdimuhamedowyň bellemegine görä, Türkmenistan we Hytaý kosmos giňişligini öwrenmek we parahatçylyk maksatly ulanmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugruny açýar.

2. «Demirýollary» AGPJ uzak aralyklara otly gatnawlarynyň peteklerini satyn almak üçin täze ykjam programmasyny işe girizdi. «Turkmenistan Railways» ykjam programmasy Android ulgamynda işleýän smartfonlaryň we planşetleriň ulanyjylaryna mugt ýüklemek üçin elýeterlidir. Programmanyň täze nusgasy dolulygyna türkmen programmistleri tarapyndan işlenip düzüldi we ähli ulanyjylaryň islegleri göz öňünde tutulyp döredildi.

3. Aşgabatda 9-njy ýanwara geçilýän gijede şu ýyldaky ilkinji gar ýagdy. 8-nji ýanwarda gügň dowamynda ownuk ýagyş çisňäp ýagdy we gijesine gar gatyşykly ýagşa öwrüldi. Şu gün irden paýtagtda howanyň temperaturasy -1, gündizine hem şeýle howa garaşylýar. Agşam howanyň temperaturasy -3-e çenli peseler, gijesine bolsa -6 gradus aýazly howa garaşylýar. Häzirki wagtda şäheriň käbir ýerlerinde gar ýagşy dowam edýär.

4. Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda «Elektron täjirçilik» ulgamy boýunça nagt däl hasaplaşyklaryň jemi möçberi 541,69 million manada deň boldy. Degişli döwürde «Mobil bank» ulgamy boýunça hasaplaşyklaryň umumy möçberi 12,4 million manada, «Internet-banking» ulgamy boýunça bolsa 1,5 million manada deň boldy. Geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň jemi möçberi 12,9 milliard manada deň boldy.

5. Imangali Tasmagambetow Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň baş sekretarlygyna saýlandy. KHŞG-niň täze baş sekretary bu wezipede Stanislaw Zasyň ornuna bellendi we 2025-nji ýylyň aýagyna çenli gurama ýolbaşçylyk eder. Dürli ýyllarda ol Astana we Almaty şäherleriniň häkimi, Gazagystanyň Russiýadaky ilçisi, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy wezipelerini eýeläpdi.

6. Miwe şireleriniň iň peýdalysy saýlandy. Nar şiresi immuniteti ýokarlandyrmaga we ýaşaýyş işjeňligini artdyrmaga kömek edýär, ol tebigy immunomodulýatordyr, antioksidantlara we antosianlara baýdyr, şeýle hem aşgazanyň mikroflorasyna peýdaly täsir edýär. Mundan başga-da, ol demir ýetmezçilikli anemiýada peýdalydyr, çünki gandaky gemoglobiniň mukdaryny artdyrýar. Şirede ýaglary erediji D, E we K witaminleri, şeýle hem Omega-3 ýarymdoýgun ýag kislotasynyň uly bolmadyk mukdary saklanýar.

7. Türkmenistanyň futbol federasiýasy Mergen Orazowy futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine saýlady. Geçen möwsümde Orazowyň ýolbaşçylygyndaky «Ahal» taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji boldy.

Şeýle hem Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisiniň dowamynda futzal boýunça milli ýygyndynyň baş tälimçisi saýlandy – bu wezipä Ýakup Öwezow bellendi.

Mundan başga-da, 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradowyň, 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Seýit Seýidowyň, şeýle hem zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Kamil Mingazowyň şertnamalarynyň möhleti uzaldyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň