Soňky habarlar

Arhiw

Ýakup Öwezow Türkmenistanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi

12:1607.01.2023
0
47757

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýurduň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine ýerli hünärmen Ýakup Öwezowy getirdi.

46 ýaşly hünärmen 2011-nji ýyldan bäri Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» futzal toparyna tälim berip gelýär. Topar onuň ýolbaşçylygynda üç gezek ― 2015-nji, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň çempiony boldy. Şeýle hem «Deňizçi» 2014-nji we 2018-nji ýyllarda kümüş, 2012-nji, 2019-njy we 2020-nji ýyllarda bürünç medalyň eýesi boldy. Şeýle hem «Deňizçi» Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygynda iki gezek ― 2016-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenistanyň kubogyna, 2019-njy ýylda bolsa ýurduň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

Geçen ýyl kenarýaka şäheriň topary bilen Türkmenistanyň çempiony bolan Ýakup Öwezow ýurtda «Iň gowy futzal tälimçisi» diýlip yglan edildi.

Ýeri gelende, Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň FIFA-nyň reýtinginde 72-nji orny eýeleýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň