Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistanda amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy mukdary belli boldy

11:4108.01.2023
0
38546

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 11 aýynda elektron söwda ulgamy arkaly amala aşyrylan nagt däl tölegleriň umumy mukdary 541,69 million manat boldy.

Bu döwürde «Mobile Bank» ulgamy arkaly tölegleriň umumy mukdary 12,4 million manata, internet bank ulgamy arkaly bolsa 1,5 million manata deň boldy.

Geçen ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanda bank kartlarynda nagt däl dolanyşyk 12,9 milliard manat boldy.

Türkmenistanyň maliýe pudagynyň yzygiderli ösýändigini bellemelidiris. Hususan-da, dürli hyzmatlardyr harytlar üçin tölegleri ýeňilleşdirmek üçin ykjam programmalar girizilýär, amallaryň sany köpelýär we töleg usullary bank töleg terminallary arkaly hödürlenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň