Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

14-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:5314.11.2024
0
20240

Türkmenistanda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal öz işine başlady, Aşgabatda «Türkmentel-2024» atly halkara sergi açyldy, Türkmenistan we Gyrgyzystan ulag hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal öz işine başlady. Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de Türkmenistanyň wekiliýet agzalary gatnaşdylar. Asylly däbe görä, hormatly myhmanlar gyzyl haly ýodajygyndan ýöräp geçdiler. Bu ýere ýygnananlar çeper we dokumental filmleriň bäsleşiginiň eminlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen mübäreklediler. Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we ýurduň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde «Türkmen dünýäsi» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

2. Aşgabadyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlym enjamlaryny ösdürmeklige bagyşlanan «Türkmentel-2024» atly halkara serginiň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan we Türkmenistandan 200-den gowrak wekil gatnaşdy. Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny üns berip diňlediler. Halkara forumynyň guramaçylary hökmünde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş etdiler. Serginiň çäklerinde sanly özgertmelere, sanly tehnologiýalardaky innowasiýalara we kiberhowpsuzlyga bagyşlanan mejlisleri öz içine alýan Halkara ylmy maslahaty geçiriler.

3. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew we Gyrgyzystanyň wise-premýeri Bakyt Torobaýew Hazar deňzindäki türkmen portlarynyň üsti bilen gyrgyz önümleriniň eksporty baradaky mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellemek bilen, sebit we halkara derejesinde netijeli logistika ulgamyny döretmek üçin uly mümkinçilikleri bolan Hazar deňzi arkaly ýük daşamalary artdyrmagyň ähmiýetini nygtadylar.

4. 29-njy noýabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Şarl Aznawuryň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler. Konsert Ermenistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelelikde guralar.

Dünýäde

5. Britan muzeýi görlüp-eşidilmedik sowgat aldy. Persiwal Dewidiň gaznasy muzeýe bahasy 1,25 milliard dollardan gowrak bolan hytaý farfor ýygyndysyny sowgat etdi. 1700 sany özboluşly predmetden ybarat bu ýygyndy hytaý sungatynyň on ýedi asyryny – biziň eýýamymyzyň III asyryndan XX asyryna çenli döwri öz içine alýar. Bu ajaýyp eserler 2009-njy ýyldan bäri muzeýde görkezilýärdi, indi bolsa resmi taýdan onuň gaznasyndaky ýygyndylarynyň bir bölegine öwrüldi. Ýygyndy ýakyn wagtda syýahata ugrar – olary Şanhaý muzeýiniň we Nýu-Ýorkyň Metropoliten muzeýiniň myhmanlary görüp bilerler.

6. Toronto uniwersitetiniň kanadaly alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg sanly tehnologiýanyň ýaýramagy bilen häzirki zaman adamlaryň arasynda barha artýan içgysgynçlyk duýgusynyň arasyndaky baglanyşygy ýüze çykardy. Milli pikir soraşma aladalandyryjy tendensiýany görkezýär: içgysgynçlyk derejesi 2009-njy ýyldan bäri, esasanam, ýaşlaryň arasynda taryhdaky iň ýokary görkezijä ýetdi. Dowamly içgysgynçlygyň aladany, depressiýany we agressiw özüňi alyp barşy döredip biljekdigini göz öňünde tutup, gözlegçiler bu hadysany jikme-jik öwrendiler. Sanly metbugatyň özboluşly «höwes duzagyny» döredýändigi ýüze çykaryldy. Sosial ulgamlarda tekstden şekillere we gysga wideolara öwrülýän yzygiderli täsirli akymlar hakykatdakydan ýokary garaşmalary döredýär. Netijede, kitap okamak ýa-da leksiýalara gatnaşmak ýaly adaty çäreler ýeterlik derejede gyzykly däl ýaly görünýär.

Sport täzelikleri

7. Türkmen paýtagtynda geçirilýän 14 ýaşa çenli ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşynda jübütleýin ýaryşlar başlandy. Bu görnüşli maksatnamada birinjilik ugrunda oglanlaryň arasynda 16 jübüt, gyzlaryň arasynda bolsa baýrak ugrunda 14 jübüt bäsleşýär. «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşynyň 12 ýurtdan türgenleriň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherjigindäki Tennis toplumynda geçirilýändigini ýatladýarys.

8. Daşoguzyň «Turan» toparynyň futbolçylary Birinji liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynyň final ýaryşynda çykyş ederler. Olar ýurduň demirgazyk welaýatynyň sebitleýin ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, bu hukuga eýe boldular. Bäsleşigiň final tapgyryna ýeke-täk ýollanma ugrundaky göreş Daşoguz welaýatynda 8 toparyň arasynda geçirildi. Olar iki aýlaw görnüşinde – öz meýdançalarynda we myhmançylykda biri-birini bilen güýç synanyşdylar. «Turan» ähli oýunlarda garşydaşlaryndan üstün çykyp, birinji orny eýeledi. Topary bu üstünlige baş tälimçi Alibek Sapaýew alyp bardy. Daşoguz welaýatynyň sebitleýin ýaryşlarynda «Oguz» toparyndan Azizbek Rozimow iň köp gol geçiren oýunçy boldy, onuň hasabynda 25 gol bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň