Türkmenistan kosmos pudagynda Hytaý bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde anna güni çap edilen makalasynda aýdylýar.
«Häzirki wagtda biz Hytaý bilen parahatçylyk maksatlarynda kosmos giňişligini öwrenmek we peýdalanmak ýaly ugurda hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ulgamyny açýarys. Biz üçin täze ugur bolan bu pudagy döretmäge ýardam berýändigi üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirýäris. Bu pudagyň ylymda we tehnikada häzirki zaman dünýäsiniň gazananlaryny Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň bähbidine üstünlikli ulanmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris» diýlip, makalada bellenilýär.
Häzirki wagtda orbitada Türkmenistanyň fransuz-nemes önümçiligine degişli bolan emeli hemrasy hereket edýär. «TürkmenÄlem» diýlip atlandyrylýan bu aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylda orbita çykaryldy. Munuň özi ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy bolmak bilen, geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen häkimiýetleriniň ikinji aragatnaşyk hemrasynyň taslamasynyň üstünde işleýändigi habar berildi.