Turkmenportal logo
09.01.23
3283832838
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda 2023-nji ýylda ilkinji gar ýagdy
Aşgabatda 2023-nji ýylda ilkinji gar ýagdy

9-njy ýanwar gijesi Aşgabatda şu ýyldaky ilkinji gar ýagdy.


8-nji ýanwarda soňlugy bilen gije yzy gara ýazan ýagyş ýagdy.



Şu gün paýtagtda -1°, günortan hem howanyň şol temperaturada bolmagyna garaşylýar.


Agşam howanyň temperaturasy -3-e düşer, gije -6 gradus aýaz bolar.



Häzirki wagtda şäherde gar ýagmagy dowam edýär.


«Meteojurnal»-yň habaryna görä, Aşgabatda garyň galyňlygy 1 sm-den 5 sm aralygynda bolup biler.


Ondan öň 2023-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji gara we aýaza garaşylýandygyny habar beripdik.