Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda kimler ýaş çatynjalar üçin ýeňillikli karzy alyp bilýärler, ýyly günlerden soň Türkmenistana sowuk howa aralaşar, Türkmenbaşyny we Bakuny deňizüsti fider ýük daşamalary birleşdirer

10:3405.01.2023
0
40337

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini gowulandyrmak hakynda Karara gol çekmeginden soň nika baglaşan ýaş çatynjalar ýyllyk 1% bilen 3 ýyllyk möhletde 20 müň manada çenli karz alyp bilerler. Nikadan geçilen wagtynda çatynjalaryň ikisiniň hem 35 ýaşdan uly bolmazlygynyň zerurdygyny bellemek gerek.

2. Sinoptikler 8-nji ýanwarda Türkmenistanda howanyň birdenkä sowajakdygyny belleýärler. Ýyly howa akymy demirgazyk-gündogara süýşer, onuň yzyndan arktika howasy geler, ol Russiýanyň Ýewropadaky çäginden we Gazagystanyň günbataryndan geçip, 8-nji ýanwarda Türkmenistanyň demirgazygyna aralaşar. Sowuk arktika howasy günorta çenli süýşer we çaklamalara görä, Türkmenistanyň demirgazygynda aýazly howanyň temperaturasy -15°…-20° gardusa çenli ýetip biler.

3. 2023-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň «Balkan» gämisi Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy ugry boýunça fider konteýner ýük daşamalaryny amala aşyrmak üçin işe giriziler. Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýylda 400 000-e çenli konteýnerleri kabul etmek üçin ähli şertler döredilendir.

4. Lebaply telekeçiler geçen ýylda umumy bahasy ABŞ-niň 11 million 195,5 müň dollaryna barabar möçberde eksport şertnamalaryny baglaşdylar. Daşary ýurtlara 2021-nji ýyla görä, bahasy 2,5 million dollara golaý goşmaça haryt iberildi. Türkmen önümleri Azerbaýjandan, Owganystandan, Belarusdan, Gyrgyzstandan, Russiýadan, Özbegistandan we Türkiýeden işewür-hyzmatdaşlar tarapyndan satyn alyndy.

5. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew milli tohum itleri – tazylary we tobetleri gorap saklamak we gaýtadan dikeltmek barada kanuna gol çekdi. Gazagystanda tazylara we tobetlere ýitmek howpy abanýar. Bu tohum itleri gorap saklamak üçin Gazagystanda ýörite Milli merkez döredildi, onuň wezipesi bu tohumlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakdan, itleriň sergilerini we gözden geçirilişini guramakdan ybaratdyr.

6. Gyrgyzstanda aýdymçylara fonogrammada çykyş etmek kanuny taýdan gadagan edildi. Degişli buýruga ýurduň medeniýet, maglumatlar, sport we ýaşlar syýasaty ministri Altynbek Maksutow gol çekdi. Köpçülikleýin medeni çärelerde, filarmoniýalarda, konsert zallarynda, klublarda, sport çärelerinde, şeýle hem teatrlarda, muzeýlerde we kitaphanalarda fonogrammada çykyş etmek gadagan edilýär.

7. «Soçiniň» baş tälimçisi Gurban Berdiýewiň kömekçiler düzümine (ştabyna) kimleriň girjekdigi mälim edildi. Dmitriý Hohlow, Dmitriý Kiriçenko we Aleksandr Masýura onuň kömekçileri bolarlar. Kiriçenko Berdiýewiň ştabyna Eýranyň «Traktor» toparynda, «Kaýratda» we «Rostowda» hem giripdi, Hohlow bolsa ozal «Rotor», Moskwanyň «Dinamo» toparyna we «Kubana» ýolbaşçylyk edipdi.

8. Halkara boks assosiasiýasy ähli agram derejelerindäki türgenleriň täzelenen reýting sanawyny guramanyň resmi saýtynda köpçülige ýetirdi. Türkmenistan IBA-nyň sanawynda 71-nji orny eýeledi. Assosiasiýanyň sanawynda birinji orny Gazagystan eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň