2022-nji ýylyň dowamynda lebaply telekeçiler umumy bahasy ABŞ-nyň 11 million 197,5 müň dollaryna deň bolan senagat harytlaryny daşary ýurtlara ugratdylar. Netijede 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda daşary ýurtly alyjylara 2,5 million dollarlyga ýakyn köp haryt ýerlenildi. Bu barada «Jeyhun.news» ýazýar.
Türkmenistanda öndürilen harytlary Özbegistanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň işewürleri satyn aldylar.
Eksport edilen harytlaryň sanawyna izogamm, suwuk bitum mastikasy, akkumulýatorlar, senagat garyndyly suwuklyk, regenirlenen ýüplük, kendir görnüşli watin, polietilen turbalar, polietilen we polipropilen haltalar, bitum mastikasy, gipskarton we beýleki önümler girýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, Lebap welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalar 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 731 müň amerikan dollardan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler. Şeýle hem lebaply telekeçiler geçen ýylyň 9 aýynda daşary ýurda 6 million 375 müň dollarlyk haryt iberdiler.