Soňky habarlar

Arhiw

Lebaply telekeçiler 2022-nji ýylyň başyndan bäri 731 müň amerikan dollaryndan gowrak senagat önümlerini eksport etdiler

17:5509.03.2022
2
7696

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Lebap welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalar 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 731 müň amerikan dollardan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, eksporta ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, akkumulýator batareýalary, geýim üçin nah pagta, senagat garyndy suwuklygy we nah mata pamygy agdyklyk edýär.

Lebap welaýatynyň telekeçileriniň öndüren önümleri esasan Özbegistan, Türkiýe, Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri we Hytaý döwletlerine eksport edildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mizemez gadam» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän suwuk bitum mastikasynyň 1352 tonnasynyň, ýagny 323 müň 200 amerikan dollaryna golaýynyň eksport edilmegi, öndürilýän önümiň hiliniň ýokarydygyna, onuň daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýandygyna şaýatlyk edýär. Bu kärhananyň önümleri, esasan, Özbegistan we Türkiýe döwletleriniň işewürleri tarapyndan satyn alyndy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň