Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky hususy kärhana 100 000 üzüm nahalyny oturtmagy meýilleşdirýär

10:3107.03.2022
0
7798

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Parahat» hususy kärhanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda dürli miweli bag ekmek üçin bölünip berlen 200 gektar meýdanda täze ekiş möwsümine başlady.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, bu ýerde häzirki wagtda hoz ösdürip ýetişdirmek üçin 25, üzüm üçin 85, alma üçin 30, erik üçin 30, şetdaly üçin 10, smorodina üçin bolsa 1 gektar ýer özleşdirilipdir. Şu ýyl meýilnama laýyklykda 30 gektar meýdanda hususy kärhananyň öz bagynda ösdürilen 100 000 üzüm nahaly oturdylar. Bu bolsa hususy kärhanada alnyp barylýan işleriň has-da artdyryljakdygyna, miwe suwlarynyň täze görnüşleriniň önümçiligine girişiljekdigine şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň