Top.Mail.Ru

"Kompozitor" türkmen filmi "Gorkut ata" kino festiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy

11:2016.11.2024
0
31976

"Türkmenfilm" birleşiginde surata düşürilen "Kompozitor" kinofilminiň döredijilik topary IV "Gorkut ata" Halkara kino festiwalynyň eminler toparynyň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Dilşat Meläýewa "Kompozitor" filminde oýnan roly üçin kino festiwalynyň iň gowy zenan roly üçin baýragyna mynasyp boldy.

Türkmen kinosynyň şöhratly taryhy bardygy we häzirki nesil kinematografistleriň bu sungatyň iň gowy däplerini ösdürip, halkyň ruhy ösüşi, ýaşlaryň watançylyk we ahlak terbiýesi üçin onuň uly mümkinçiliklerini doly peýdalanmaga çalyşýandygy guwandyryjydyr. Täze çeper, hronika-dokumental we animasion işleri döretmek üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär.

Film türkmen halkynyň Milli Lideriniň göni goldawy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen döredildi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Kinowideohyzmat» birleşigi tarapyndan rus diline terjime edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň