Älem giňişligindäki Halkara kosmos bekedinde işleýän russiýaly kosmonawt Alekseý Owçinin dürli azyk önümlerini iýip-içýändiklerine garamazdan, özüniň gowrulan ýeralma we duzlanan hyýary küýseýändigini gürrüň berdi.
Ol bu barada Uçuşlary dolandyrmak boýunça merkezde habar beriş serişdeleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlikde aýtdy diýip, «RIA Nowosti» habarlar gullugyna salgylanýan «vfokuse.mail.ru» ýazýar.
Russiýaly kosmonawtlar Alekseý Owçinin we Iwan Wagner amerikaly astronawt Donald Pettit bilen bilelikde, 11-nji sentýabrda «Soýuz MS-26» kosmos gämisinde HKB-e bardylar. Olar dekabrda açyk äleme çykarlar we synag üçin bekediň üstünde «Tutuş asman üçin monitory» ornaşdyrarlar. Enjam asman giňişliginiň 84 göterimini synlamaga mümkinçilik berer.