Haýsy maşgalalar artykmaç karz almak üçin ýüz tutup bilerler

14:2404.01.2023
0
84881
Haýsy maşgalalar artykmaç karz almak üçin ýüz tutup bilerler

Ýaş maşgalalaryň durmuş we ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak Türkmenistanyň, esasan hem Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryndan biridir.

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de has-da gowulandyrmak maksady bilen ýeňillikli karzlaryň möçberini köpeltmek boýunça Karara gol çekipdi.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň web sahypasynda bellenilşine görä, Türkmenistanda durmuş guran ýaş maşgalalar 3 ýyl möhlet bilen ýyllyk 1%-li 20 müň manada çenli karz pul serişdesinden peýdalanyp bilerler.

Bu karzy 35 ýaşa ýetmedik we Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda çykaran 267 belgili karary güýje gireninden soňra resmi taýdan nikalaşan ýaş maşgalalar alyp bilerler.

Maşgala karzyny almak üçin zerur resminamalar

Karz alyjy üçin:

  • Karzy almak üçin arza
  • Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Girdeji barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji)
  • Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
  • Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnama
  • Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)

Zamunçylar üçin:

  • Karz alyjynyň karzy boýunça zamunçy bolmak razyçylygyny berýän arza
  • Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Girdeji barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji)
  • Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
  • Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)

Karz maşgala agzalaryň birisine resmileşdirilýär (adamsyna ýa-da aýalyna) we onuň diňe bir gezekleýin berilýändigi bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň