Soňky habarlar

Arhiw

Berdiýewiň «Soçidäki» kömekçileri belli boldy

13:1704.01.2023
0
35165

«Soçiniň» türkmenistanly baş tälimçisi Gurban Berdiýewe topary türgenleşdirmekde kimleriň ýardam etjekdigi mälim edildi. Bu barada sports.ru saýty habar berdi.

Habarda bellenilişine görä, Gurban Berdiýewiň tälimçiler ştabyndan Dmitriý Hohlow, Dmitriý Kiriçenko we Aleksandr Matsýura orun alar.

Ýeri gelende bellesek, Dmitriý Kiriçenko mundan ozal Eýranyň «Traktor», Gazagystanyň «Kaýrat» we Russiýanyň «Rostow» toparlarynda hem Gurban Berdiýew bilen bile işleşipdi. Dmitriý Hohlow bolsa şu wagta çenli «Rotor», «Dinamo» we «Kuban» toparlaryna baş tälimçilik edipdi.

Şeýle-de çeşme «Soçiniň» ozalky baş tälimçisi Aleksandr Toçiliniň hem toparyň dolandyryş ulamynda galjakdygyny belleýär.

Maglumat hökmünde ýatlatsak, Gurban Berdiýew «Rubin» bilen iki gezek Russiýanyň çempiony bolupdy.

«Soçi» häzirki wagtda 17 oýunda toplanan 25 utuk bilen Russiýanyň premýer-ligasynyň turnir tablisasynda 9-njy ýerde barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň