Anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu döwürde Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna laýyklykda işler alnyp baryldy.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna, Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Katar Döwletine döwlet, resmi we iş saparlary guraldy.
Şol bir wagtyň özünde, geçen on bir aýyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri we Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanda saparda boldular.
Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlary aralygynda Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe döwletleriň Baştutanlary bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Şu ýylyň başyndan bäri Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri halkara derejedäki çäreleriň birnäçesi guraldy.
Hasabat döwründe Türkmenistanyň parlament toparlarynyň daşary ýurtlara saparlary guraldy. Şu ýylyň 12-nji maýynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň geçirilmegi möhüm waka öwrüldi.
On bir aýyň dowamynda Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň Maksatnamasyny, Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin Daşary söwda strategiýasyny hem-de ýurduň söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda kabul edilen beýleki strategik resminamalary durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli işler amala aşyryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle-de okaň: