Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady

11:4212.05.2022
0
3684
Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady

Şu gün — 12-nji maýda Aşgabatda geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu forumy geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, Foruma gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Senatynyň Başlygy Maulen Aşimbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Ýokarky Geňeşiniň Başlygy Talant Mamytow, Russiýa Federasiýasynyň federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali, Özbegistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Aşgabada geldiler.

Forumyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy boldy.

Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine baryp, bu ýerde resmi surata düşmek dabarasyna gatnaşdylar. Surata düşmek tamamlanandan soň, Maslahatlar merkezinde forumyň dabaraly açylyşy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň