Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Moskwa geldi

13:2610.06.2022
1
12955

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasyna geldi. Munuň özi döwlet Baştutanynyň bu dostlukly ýurda döwlet Baştutany hökmünde amala aşyrýan ilkinji resmi sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň uçary Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimizi RF-niň daşary işler ministriniň orunbasary, ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet protokoly departamentiniň müdiri we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Uly Kreml köşgünde türkmen Lideri Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň