Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana sapary başlandy

10:0121.07.2022
0
7937
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana sapary başlandy
Surat: KHABAR

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan Ata şäherine sapar bilen bardy. Bu barada Gyrgyzystanyň milli habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentini Yssyk köl Halkara howa menzilinde Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow garşylady.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 4-nji konsultatiw duşuşygynyň dowamynda birnäçe resminamalara gol çekmek, şeýle-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň