Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana bolan iki günlük döwlet sapary tamamlandy diýip, Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň resmi saýty habar berýär.
Döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini nazarlaýan resminamalaryň 19-syna gol çekildi. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary häzirki zaman infrastrukturasy bolan serhet söwda zolagyny döretmegi maslahatlaşdylar. Bu maksatlar bilen hem taraplar anyk çäreleri kesgitlenen «Ýol kartasyny» kabul etdiler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri esasy şertnamalary öz içine alýan we iki ýurduň arasynda köptaraplaýyn hem-de strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uzakmöhletleýin wezipeleri kesgitleýän bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Şeýle-de asylly däplere eýerip, Serdar Berdimuhamedow «Kuksaroý» köşgündäki Hormatly myhmanlar bagynda agaç nahalyny oturtdy.
Özbegistana bolan döwlet saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Samarkanda baryp, bu ýerde özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Karimowy hatyralady. Soňra bolsa türkmen Lideri Samarkant şäheriniň Mirzo Ulugbek muzeý toplumy, Amir Temur we Registan meýdançasynyň mawzoleýi ýaly ajaýyp taryhy gymmatlyklary bilen tanyşdy.
Döwlet saparyny tamamlandan soň, Prezident Serdar Berdimuhamedow Samarkandyň halkara howa menzilinde özbek tarapynyň resmi işgärleri bilen hoşlaşyp, Aşgabat şäherine tarap ugrady.