Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana iki günlük resmi sapary başlandy

21:4014.06.2022
0
8807
 Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana iki günlük resmi sapary başlandy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine bardy. Türkmen Liderini Tähran şäheriniň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Eýranyň ýollar we şähergurluşyk ministri Rostam Gasemi kabul etdi. Bu barada IRNA habarlar agentligi habar berýär.

Habar berşimiz ýaly, ertir – 15-nji iýunda ýokary wezipeli myhmanyň «Saadabad» kabul ediş toplumynda resmi garşylanmagy, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşmagy we gepleşik geçirmegi, iki ýurduň wekiliýetleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi we hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň