Şu ýylyň 11 aýynda Oba hojalyk toplumynyň alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berildi

12:5417.12.2022
2
36727

Anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Oba hojalyk toplumynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berildi.

Oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime deň boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow hasabat berdi. Şunda bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 104 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,8 göterime hem-de «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 105,1 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 179,9 göterim ýerine ýetirildi.

Gök önümleri öndürmekde 115,3 göterim, bakja önümlerini öndürmekde 109,3 göterim, miwe we ir-iýmişleri öndürmekde 109 göterim, çörek we çörek önümlerini öndürmekde 105,2 göterim ösüş depginleri gazanyldy. Şeýle hem wise-premýer ýurduň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlary taýýarlamak üçin degişli çäreler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna «Daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini döwlet tabşyrygyna girýän bugdaýy we gowaçany ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin kärendesine bermegiň Tertibiniň» taslamasy hödürlendi. Resminamada daýhan birleşikleriniň suwarymly ýerlerini uzak möhletleýin kärendesine bermegiň hem-de daýhan birleşikleriniň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň arasynda önümçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň kadalary göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, häzirki döwürde ýurtda ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, bugdaý ekilen ýerlerde alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda degişli işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, suw akabalarynyň arassalanmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýaz ekişine taýýarlyk görmek işleriniň degişli derejede we talabalaýyk alnyp barylmagynyň geljekki bol hasylyň girewidigine ünsi çekip, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, olary taýýarlyk hataryna çykarmak işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini bellemek bilen, bu babatda wise-premýere hem-de häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň