Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary başlandy

11:5721.11.2022
0
22889

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti bu dostlukly ýurda iň ýokary döwlet wezipesinde amala aşyrýan ilkinji saparydyr diýip, türkmen metbugaty habar berdi.

Habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedowyň sapary mynasybetli Abu-Dabi şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baýdaklary galdyrylyp, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Soňra howa menziliniň «Prezident» terminalynyň hormatly myhmanlar zalynda Serdar Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliniň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Şu gün, saparyň birinji gününiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda giňeldilen hem-de ikiçäk düzümde türkmen-emirlikler gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar. Ýokary derejeli duşuşyklar tamamlanandan soňra alşyljak ikitaraplaýyn resminamalar bolsa döwletara gatnaşyklarda ozal hereket edýän ylalaşyklaryň 60-dan gowragynyň üstüni ýetirer.

Günüň ikinji ýarymynda Serdar Berdimuhamedowyň BAE-niň beýleki resmi wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň