Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Gazagystan Respublikasyna bardy. Ir bilen türkmen Liderini Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow kabul etdi. Bu barada Premýer-ministriniň Metbugat gullugy habar berýär.
Bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi, stretegik hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, şeýle-de gün tertibindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Serdar Berdimuhamedow saparynyň dowamynda GDA agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine we «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine gatnaşar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Astana sammiti Gazagystanyň şu ýyl Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýan möhüm çäreleriň biridir. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde gurama gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri doly düzümde geçiriljek nobatdaky duşuşygyň gün tertibine giriziljek meseleleri anyklaşdyrdylar. Şoňa görä-de, sammitiň dowamynda Arkalaşygyň giňişligindäki özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garamak we kabul etmek göz öňünde tutulýar – diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.