Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» täze internet-bukjalaryny işe girizdi, «Duralga» programmasynyň işindäki näsazlyklar aradan aýryldy, Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanuna gol çekdi we beýleki habarlar

10:5507.12.2022
0
91381

1. «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory 3 sany täze internet-bukjasyny işe girizdi. Indi abonentler täze 250 MB üçin Internet-10, 1,5 GB üçin Internet-60 we 20 GB üçin Internet-200 nyrhnamalary boýunça aýlyk internet-bukjalaryna birigip bilerler.

2. «iOS» we «Android» ulgamlarynyň binýadynda işleýän «Duralga» ykjam programmasynyň işindäki näsazlyklar aradan aýryldy. Ulanyjylar öňki gurnalan programmany «Google Play» ýada «App Store» platformalaryndan ýükläp täzelemelidirler.

3. Prezident Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda kabul edilen we makullanan Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasy özüniň resmi saýtynda daşary ýurtlardaky awiapetekleriň satylýan nokatlarynyň sanawyny ýerleşdirdi. Awiakompaniýanyň wekilhanalary we agentleri Belarusyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, türkiýäniň, BAE-niň, Germaniýanyň, Tailandyň, Hindistanyň, HHR-niň we Beýik

5. Türkmenistanly dalaşgärler 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Belarusyň ýokary bilim edaralaryna okuwa girmek üçin resminamalaryny tabşyryp bilerler. «Belarus Respublikasynyň Bilim ministrligi 2022-2023-nji okuw ýylynda Belarus Respublikasynyň ýokary bilim edaralaryna okuwa girýän daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk şahslaryň resminamalarynyň kabul edişliginiň möhletini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaltmaga rugsat berdi» — diýlip, Belarusyň ilçihanasynyň habarynda beýan edilýär.

6. Täze 2023-nji ýylyň öňüsyrasynda türkmen paýtagty owadan bezegler bilen bezelýär, ministrlikleriň we edara-kärhanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we dürli guramalaryň binalarynyň öňündäki meýdançalarda eýýäm baýramçylygyň esasy nyşany bolan bezelen Täze ýyl arçalary peýda boldy. Paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gyzgalaňly iş alnyp barylýar, soňky ýyllarda ýola goýlan asylly däbe görä, bu ýerde ýurduň Baş arçasy gurnalýar we Täze ýyl baýramçylygynyň esasy çäreleri geçirilýär. Bu ýerde eýýäm Russiýadan getirilen aýratyn arça tohumynyň hakyky şahalaryndan Täze ýylyň esasy nyşanynyň binýady guruldy. Şäher häkimliginiň habar bermegine görä, baýramçylyk arçasynyň boýy ony bezeýän ýyldyz bilen bilelikde 42 metre, diametri bolsa 16 metre deňdir. Täze ýyl arçasy we ony gurşap alan ertekiler şäherçesi 15-nji dekabrda taýyn bolar, şol gün hem Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň hereketi bilen onuň çyralary ýakylar.

7. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň işgärleri Täze 2023-nji ýyly garşy almak üçin täsin, şowhunly we gyzykly çykyşlaryň maksatnamasyny taýýarladylar. 20-nji dekabrdan başlap, sahnadaky her bir çykyş täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly bolar, tomaşaçylar teatra girenlerinden Täze ýyl ertekisine araşarlar. Teatr 21-nji dekabry haýyr-sahawata bagyşlar, Täze ýyl mynasybetli çykyşlara we spektakllara ýaşaýyş-durmuşy pes maşgalalaryň çagalary, mümkinçilikleri çäkli çagalar, şeýle hem ene-atalaryň hossarlygyndan mahrum bolan ýetim çagalar çagyrylar. 22-nji dekabrdan başlap teatrda her gün bäş sany Täze ýyl çäresi geçiriler, olar gyşky dynç alyş möwsüminde hem dowam eder.

8. Hindistanyň Haýdarabad şäherinde karz ýa-da debet bank kartlarynyň hasabyndaky pul serişdeleri bilen altyn teňňeleri satyn almaga mümkinçilik berýän dünýädäki ilkinji bankomat açyldy. Bankomatyň öndürijisi Hindistanda şeýle enjamlaryň ýene 3 müňüsini öndürmegi we ýerleşdirmegi meýilleşdirýän hem-de geljekde halkara bazarlaryna çykmagy göz öňünde tutýan hususy kärhanadyr. Bankomat 24 karatlyk teňňeleriň 5 kg çenli saklap bilýär. Olary 0,5-den 100 grama çenli göwrümde satyn almak mümkindir. Altynyň bahasy London biržasynyň kesgitleýän nyrhyna görä üýtgeýär, ol bolsa bankomatyň ekranynda hakyky wagt birliginde şöhlelenýär.

9. Katarda geçýän Dünýä çempionatynyň 1/8 final tapgyry tamamlandy, onuň netijeleri boýunça bäsleşigiň ähli çärýekfinalçylary mälim boldy. Düýn Marokkonyň topary garaşylmadyk ýeňiş bilen Ispaniýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Duşuşygyň esasy we goşmaça wagtlary deňme-deň hasapda tamamlandy, emma 11 metrlik urgularda şowlulyk marokkolylaryň tarapynda boldy. Marokkonyň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy, 1/4 finalda Marokko Portugaliýa bilen duşuşar. Duşuşyk 10-njy dekabrda Aşgabat wagty bilen 23:45-de geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň