Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan kabul edilen we Milli Geňeşiň Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Kanunlar metbugatda dolulygyna çap ediler.