Türkmenistanda iň edermen alabaý saýlanyldy, Moskwadan Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi köpçülige ýetirildi, Aşgabatda «Saz, ruh, kino!» atly konsert geçiriler

10:2831.10.2022
0
22978

1. Türkmenstanda 2022-nji ýylyň iň edermen alabaýy diýen ada Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly it mynasyp boldy. onuň ýeňiji bolan bäsleşigi Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guraldy. Sylag gowşuryş dabarasynda bäsleşigiň ýeňijisi – Goňurhan atly alabaýa ýörite medala, göçme Kubok we diplom gowşuryldy, Içeri işler ministrliginiň wekilleri bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna – «Toyota Camry» awtoulagynyň açaryna mynasyp boldular.

2. Domodedowo halkara howa menziliniň resmi saýtynda Türkmenistana howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi ýerleşdirildi, ol 2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan 2023-nji ýylyň 22-nji martyna çenli dowam eder. Russiýa we Türkmenistan iki awiakompaniýanyň göni howa gatnawlary esasynda aragatnaşyk saklaýarlar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Moskwa – türkmenbaşy ugry boýunça hepdede iki gezek dowamly uçuşlary amala aşyrýar. 17-nji oktýabrdan başlap, Russiýanyň «S7 Airlines» awiakompaniýasy Moskwa – Türkmenbaşy – Moskwa ugry boýunça dowamly howa gatnawlaryny dikeltdi.

3. «Saz, ruh, kino!» – Türkmenistanyň at gazanan sungat işgäri Röwşen Nepesowyň orkestriniň täze konsert maksatnamasy şeýle atlandyrylýar. Agşamyň maksatnamasy kinofilmlerden sazlary öz içine alýar. Konsert 13-nji noýabrda sagat 19:00-da Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler.

4. Türkmenistan Özbegistana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrar. Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Resminama Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň «Özbegistanyň milli elektrik ulgamlary» paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama goşmaça Ylalaşygy baglaşmaga şertlendirýär.

5. Kompozitor, aýdymçy, türkmen nusgawy sazyny işjeň ýaýradyjy Mämmet Guseýnow döredijilik işinde medeni däpleri we ynsanperligi ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin N.W.Gogol adyndaky medal bilen sylaglandy. Guseýnow Aşgabatda doglan, häzirki wagtda Moskwada ýaşaýar. Ol bütinrus we halkara bäsleşikleriniň laureaty hem-de dürli žanrlardaky saz eserleriniň awtorydyr.

6. Stambulyň çetki etraplarynyň biri bolan Tuzla etrabynda çagalar Respublika güni mynasybetli türk baýdagynyň şekilindäki äpet torty taýýarlap, dünýä rekordyny goýdular. Tortuň meýdany 24 inedördül metre deň. Äpet konditer önümini 100 sany aýratyn taýýarlanan tort böleklerini ýanaşyk goýup taýýarlapdyrlar. Ony gyzyl reňkli gaýmak bilen örtdüler we Türkiýäniň baýdagynyň nyşanlary bolan ýarymaý we ýyldyz bilen bezediler.

7. Russiýanyň ilaty we daşary ýurtly raýatlar waksina derejesine garamazdan, PSR-barlagy bolmazdan Russiýa girip bilerler. Russiýanyň Baş döwlet sanitar lukmany « COVID-2019-yň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen izolýasiýa tertibini üpjün etmek hakynda» karary hukuk maglumatlarynyň resmi internet-portalynda ýerleşdirildi.

8. «Ahalyň» futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynda öz meýdançasynda «Energetikden» uly hasap bilen üstün çykmagy başardy. Duşuşyk myhmanlaryň peýdasyna 6:0 hasabynda tamamlandy. «Ahal» 45 utuk toplap, çempionatda birinji orunda barýar, topar artykmanç ýene-de bir oýny bolan «Altyn asyrdan» 10 utuk öňde barýar,

9. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň zenan futbolçysy Maýa Musaskaýa Türkiýäniň superligasynda «Dudullu spor» toparynyň düzüminde ilkinji duşuşygyna çykdy. Musaskaýa Türkiýäniň futbol superligasynyň 2022/2023-nji möwsüminiň birinji tapgyrynda esasy düzümde «Beşiktaşa» garşy duşuşykda (1:1) meýdança çykdy.

10. Futbol boýunça Russiýanyň ýygyndysy 17-nji noýabrda Täjigistanyň topary bilen dostluk duşuşygyny geçirer. Ýygyndylaryň arasyndaky duşuşyk Duşanbeniň 20 müň tomaşaça niýetlenen Merkezi respublikan stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar. Ozal Russiýanyň we Täjigistanyň toparlary milli ýygyndy derejesinde asla duşuşyk geçirmändiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň