Russiýanyň we Täjigistanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler

11:4029.10.2022
0
32640

Russiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 17-nji noýabr güni Duşenbe şäherinde Täjigistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu barada anna güni Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyk şäherdäki 20 müň orunlyk Merkezi respublikan stadionynda geçiriler. Ol Aşgabat wagty bilen sagat 20-de başlanar.

Täjigistanyň we Russiýanyň ýygyndylary mundan ozal bir gezek hem duşuşyp görmändiler.

FIFA-nyň reýtinginde Täjigistanyň ýygyndysy 108-nji, Russiýanyň ýygyndysy bolsa 33-nji orny eýeleýär.

Rus ýygyndysy sentýabr aýynda Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, myhmançylykda 2:1 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň