Turkmenportal logo
30.10.22
1763617636
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Ahal» «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi
TÝL ― 2022: «Ahal» «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi

«Ahalyň» futbolçylary Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynda «Energetigi» uly hasap bilen ýeňdi.


Duşuşyk ýer eýeleriniň 6:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeňiji topardan Şanazar Tirkişow iki gezek (45-nji we 49-njy minutlarda) tapawutlandy. Galan pökgüleri 15-nji minutda Meýlis Diniýew, 24-nji minutda Abdy Bäşimow, 35-nji minutda Elman Tagaýew, 70-nji minutda Selim Nurmyradow geçirdi.


«Ahal» bu ýeňişden soň utugyny 45-e çykaryp, çempionatda birinji orundaky ýerini goraýar. Ol ikinjilikdäki «Altyn asyrdan», häzirlikçe, 10 utuk öňde. 12 utukly «Energetik» bolsa ýaryşyň ýedinji basgançagynda.