«Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi kesgitlenildi

14:2430.10.2022
0
34296

Şu gün Aşgabatdaky Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi.

Çäräniň myhmanlary toplumyň esasy girelgesiniň öňünde medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edip, amaly-haşam sungatynyň köpöwüşginliligini hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, fotosuratlarda çeper beýan edýän sergini synladylar. Toplumyň bäsleşik geçirilýän meýdançasynda türkmen alabaýlarynyň görkezme çykyşlaryna giň orun berildi diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Soňra Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryna badalga berildi. Syn ediş meýdançasyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinden deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň oňat alabaýlaryň 10-sy çykaryldy. Tohum itleriň her bir wekili ady, ýaşy, nesil şejeresi baradaky maglumaty, eýesi bilen tanyşdyrylyp, eminlere we tomaşaçylara görkezildi. Itleriň eýeleri öz wepaly dostlarynyň daş keşbiniň aýratynlyklaryny hem-de başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşige gatnaşýan alabaýlaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda birnäçe gurallardan ybarat bolan päsgelçiliklerden aşmak ýaly ugurlar goýuldy.

Şeýlelikde, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejä Içeri işler ministrligine degişli Goňurhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Şeýle-de bu ýerde türkmen alabaýynyň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserlerinde, neşir önümlerinde, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edilip, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň