Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada Kazan – Türkmenabat howa gatnawynyň petekleriniň onlaýn satuwy başlandy, Türkmenistana Hytaýdan iki sany täze teplowoz gelip gowuşdy, türkmenistanly rus dili mugallymy Moskwa syýahat etmek mümkinçiligini gazandy

14:0021.09.2022
0
45789

1. Russiýada Kazan – Türkmenabat dowamly ýolagçy howa gatnawynyň awiapetekleriniň onlaýn satuwy başlandy. Indi awiapetekleri resmi saýtdan satyn almak mümkindir, onda 2022-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlary üçin petekler elýeterli edildi.

2. «Demiýollary» AGPJ-niň Hytaýdan satyn alan on bäş sany dizel teplowozlarynyň ikisi agentligiň ýük otlularynyň düzümine goşuldy. 15 sany teplowozlaryň ählisi 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagyna çenli Türkmenistana getiriler.

3. Daşoguz welaýatynyň Akdepe şäherindäki 33-nji orta mekdebiň rus dili we edebiýaty mugallymy Zöhregül Jumaýewa XXII Halkara Puşkin bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýeňijiler üçin esasy baýrak Moskwa şäheriniň gününe çakylykdyr.

4. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy döwlet talyp haky (stipendiýa) maksatnamasy boýunça Milli halkara bilim institutyna kabul edişligiň başlanýandygyny habar berýär. Isleg bildirýänler 20-30-njy sentýabr aralygynda Koreýa Respublikasynyň ilçihanasyna gerek bolan resminamalaryny tabşyryp bilerler.

5. RF-niň DIM-siniň Konsullyk bölümi 2022-nji ýylyň 20-nji sentýabryndan başlap, Russiýanyň daşary ýurtlardaky ähli diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda 10 ýyllyk möhlet bilen içinde elektron maglumat göteriji pasportlary almak üçin arzalaryň kabul edişliginiň gaýtadan dikeldilýändigini yglan etdi.

6. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý filofofy Konfusiýniň doglan güni mynasybetli dabara geçirildi. Şol gün Hytaýda her ýylda Mugallymlar güni bellenilýär, dabaraly çäreler geçirilip, bilim ulgamynyň ähli işgärleri sylaglanýar.

7. Ispaniýanyň Hökümeti patyşalyga deňiz we howa ýollary arkaly gelýän ähli ýurtlardan syýahatçylar üçin saglyk barlaglaryny aradan aýyrmagy meýilleşdirýär. Esasan hem şu ýylyň oktýabr ýa-da noýabr aýyndan başlap, ähli portlarda we howa menzillerinde geçirilýän temperaturany ölçemek, resminamalary barlamak we gelenleriň fiziki ýagdaýyna gözegçilik etmek ýaly barlaglar aradan aýrylar.

8. Gizadaky Müsür piramidalary Fransiýanyň Dior modalar öýüniň moda görkezilişinde arka bezegi (fon) hökmünde peýdalanylar. Pre-fall möwsüminiň erkek egin-eşikler toplumynyň görkezilişi 3-nji dekabrda geçiriler. Onda modalar öýüniň döredijilik taýdan zehinli ýolbaşçysy Kim Jonsyň döreden zatlary görkeziler.

9. Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynda çärýekfinalyň jogap duşuşyklarynyň netijeleri esasynda ähli ýarymfinala gatnaşjaklar kesgitlener. «Altyn asyr» we «Şagadam» ilkinji duşuşyklarda «Nebitçini» we «Energetigi» degişlilikde 4:0 we 3:1 hasabynda ýeňip, ýarymfinala çykmak mümkinçiliklerini kepillendirdiler. «Köpetdandan» we «Merwden» degişlilikde 2:3 we 1:2 hasabynda ujypsyz tapawut bilen ýeňlen «Aşgabat» bilen «Merw» hem netijäni üýtgetmek mümkinçiligine eýedirler.

10. Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar 23-25-nji sentýabr aralygynda Samarkantda geçiriljek Merkezi Aziýanyň açyk çempionatyna gatnaşarlar. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýurdumyzyň iň güýçli 13 sany ýeňil atletikaçylary wekilçilik ederler. Şeýle hem türkmen toparynyň düzümine iki tälimçi we bir emin hem giriziler.

Türgenler 100 metr aralyga ylgaw we 4х400 metr aralyga garyşyk estafeta ýaryşlaryna gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň