Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar Özbegistanda geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşarlar

16:3520.09.2022
0
16288

Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar 23 ― 25-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň açyk çempionatyna gatnaşar.

Sebitiň iň güýçli ýeňil atletikaçylaryny özünde ýygnajak halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysyna 13 türgen wekilçilik eder. Şeýle hem düzümde iki tälimçi, bir emin bolar.

Türkmen türgenleriniň Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda 100 metr aralyga ylgamak, 4х400 metr aralykda garyşyk estafeta boýunça ýaryşlara gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň