Türkmenistanyň kubogy ― 2022: çärýek finalyň jogap duşuşyklary geçiriler

12:5820.09.2022
0
28486

21-nji sentýabrda futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary geçiriler. Bu duşuşyklar Aşgabat, Türkmenbaşy, Balkanabat we Mary şäherlerinde bolar.

Ilkinji duşuşyklarda «Altyn asyryň» «Nebitçini» 4:0, «Şagadamyň» myhmançylykda «Energetigi» 3:1, «Köpetdagyň» «Aşgabady» 3:2, «Ahalyň» bolsa «Merwi» 2:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Çärýek finalyň ýeňijileri 26-njy oktýabrda we 22-nji noýabrda geçiriljek ýarym final duşuşyklaryna gatnaşarlar. Türkmenistanyň kubogynyň eýesi 11-nji dekabrda boljak final duşuşygynda kesgitlener.

Türkmenistanyň futbol kubogyny gazanan toparyň AFK-nyň kubogynyň 2023/24-nji ýyllaryň möwsüminde toparçalaýyn tapgyrda ýaryşyp biljekdigini ýatladýarys.

Kubogyň häzirki eýesi Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparydyr. Kenarýaka şäherde bolan final duşuşygynda ýerli futbolçylar «Ahaly» 1:0 hasabynda ýeňipdiler.

Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň çärýekfinal duşuşyklary:
21.09.2020 ý. (çarşenbe)

“Şagadam” – “Energetik”
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Başlanýan wagty: 17:00
Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

“Aşgabat” – “Köpetdag”
Geçirilýän ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Başlanýan wagty: 16:45
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

“Nebitçi” – “Altyn Asyr”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Başlanýan wagty: 17:00
Duşuşygyň emini: R.Ereşow (Türkmenabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.)

“Merw” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)
Başlanýan wagty: 16:30
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň