Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda Özbegistanda gepleşikler geçiriler, Kononenko orbitada bolan wagty boýunça rekord goýup biler, Aşgabatda Eýranyň harytlarynyň sergisi geçiriler

11:0014.09.2022
0
42878

1. 15-16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriljek ŞHG-niň sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçiriler.

2. Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko adamyň kosmosda geçiren wagtynyň jemi boýunça rekord goýup biler. Ol häzire çenli Ýeriň daşynda jemi 736 gün geçirdi. Kononenko HKS-e bäşinji uçuşyna taýýarlyk görýär, uçuşy 2023-nji ýylyň mart aýynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Dünýä rekordy rus kosmonawty Gennadiý Padalka degişlidir – 5 uçuşda 878 gün 11 sagat 29 minut 36 sekund.

3. 4-6-nji dekabrda Aşgabatda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisi geçiriler. Çäräni iki ýurduň söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen geçirmek meýilleşdirilýär.

4. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri mälim edildi. Bu aýdym-saz bäsleşigi dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli şu ýylyň ýanwar aýynda esaslandyryldy.

5. Los-Anjelesde her ýylda gowşurylýan «Emmi» telewizion baýragynyň 74-nji gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu ýyl abraýly baýraga «Mirasdüşerler» we «Ted Lasso» köpbölümli filmleri, şeýle hem «Ak lotos» atly gysga köpbölümli film (mini-serial) mynasyp boldy. «Ted Lasso» köpbölümli filmindäki keşbi üçin Jeýson Sudeýkis iň gowy komediýa aktýory hökmünde saýlandy.

6. Hytaýda geçirilen bäsleşikli söwdada (auksionda) $2 million dollar nyrh bilen telefon belgisi satuwa çykaryldy. «Ali» auksion meýdançasy 15 666 666 666 telefon belgisiniň satylýandygyny yglan etdi. Söwdanyň guramaçylarynyň bellemeklerine görä, bu belgi «adatdan daşary owadan sandyr» we «Hytaýda iň şowly san» hasap edilýär.

7. Duşanbede Italiýanyň «Ýuwentus» futbol toparynyň döwrebap sport-dynç alyş toplumy ulanmaga berildi. Açylyş dabarasyna Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

8. FIFA-nyň türkmenistanly emini Çarymyrat Gurbanow Aziýanyň Kubogy – 2023 çempionatynyň saýlama bäsleşiginiň ikinji tapgyrynda Nepalyň we Kataryň ýaşlar ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykda eminlik etdi. Kataryň topary 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Baş emine FIFA-nyň eminleri Ahmet Begnazarow we Pälwan Pälwanow şäriklik etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň