Soňky habarlar

Arhiw

Oleg Kononenkonyñ älem giňişliginde galmak boýunça rekordy täzelemegi mümkin

12:5913.09.2022
0
31692

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenkonyň älem giňişliginde iň uzak wagtlap bolan dünýäliniň rekordyny täzelemegi mümkin. RIA Nowosti bu ýagdaýyň geljek ýylda bolmak ähtimallygyny öňe sürýär.

«Roskosmosyň» Oleg Kononenkonyň serkerdeligindäki topary jemi 736 gije-gündiz bäri älem giňişliginde boldy» diýlip, döwlet korporasiýasynyň «Wkontakte» torundaky sahypasynda ýazyldy.

Dünýä rekordy russiýaly kosmonawt Gennadiý Padalka degişlidir. Ol älem giňişliginde jemi 878 gije-gündiz 11 sagat 29 minut 36 sekunt galdy. Bu rekord 2015-nji ýylda hasaba alnypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň