Türkmen paýtagtynda Eýranyň senagat önümleriniň sergisi geçiriler. Bu çäre 4 ― 6-njy dekabr aralygynda meýilleşdirilýär. Bu barada IRIB agentligi Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safariniň aýdanlaryna salgylanyp habar berýär.
Eýranly diplomatyň sözlerine görä, serge baradaky başlangyç Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Tährana bolan saparyna degişlidir. Bu teklibi türkmen döwletiniň Baştutany orta atdy.
Şeýle hem Safari Aşgabat sapary wagtynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen sergini geçirmek barada maslahatlaşandygyny aýtdy. Eýranly diplomat sergi bilen bir wagtda Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisiniň geçiriljekdigini hem aýtdy.