Top.Mail.Ru

Arhiw

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

18:2013.09.2022
0
27857
«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Surat:Turkmenportal

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda ilkinji gezek guralýan «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran ýaş dutarçy bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda geçirilen konsertiň tertipnamasyna laýyklykda, ilki bilen, bäsleşige gatnaşyjylar «Jadyly dutar» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýany bilelikde ýerine ýetirdiler.

Soňra günüň birinji ýarymynda bäsleşige gatnaşan dutarçy sazandalar öz aralarynda bäsleşip, nobatma-nobat türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa bäsleşige gatnaşan dutarçy bagşylar gezekli-gezegine öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Aýjemal Gaýlyýewanyň sözlerine, Gurbanmyrat Baýjykowyň sazyna döredilen «Arkadagly Serdar bilen» atly aýdymy bilelikde ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Aşirow, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň «Laçyn» tans-saz folklor toparynyň birinji derejeli artist-wokalisti Öwezgeldi Amanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň 1-nji derejeli artisti Owazgeldi Pälwanow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Daňatarow, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hojaguly Hojagulyýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň bagşy hünäriniň talyby Täzegül Atajanowa, Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Amangeldi Durdyýew, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumageldiýew, Lebap welaýatynyň Halaç etrap medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi Haýytmyrat Illiýew, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň dutar hünäri boýunça mugallymy Gurban Çaryýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň türkmen sazy hünäriniň talyby Ogulnabat Berdiýewa, Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Oguz han etrap çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň mugallymy Omor Şiriýew ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň