Soňky habarlar

Arhiw

Awtosyn gepleşigiň ilkinji sany tomaşaçylara ýetirildi, Türkmenistan öz raýatlaryny Belorussiýadan alyp gaýdar, Aşgabatda çagalar gününe bagyşlanan multfilm şüweleňi geçiriler

10:0031.05.2022
0
34272

1. «Turkmenportal» web saýtymyzda «Awtosyn» atly täze gepleşigiň ilkinji sany tomaşaçylara görkezildi. Alypbaryjy Ýunus Allanazarow täze gepleşikde awtomobillere baha berip, olar barada gyzykly maglumatlary tomaşaçylara ýetirer. Gepleşigiň ilkinji sanynda alypbaryjy Lexus ES 350 kysymly awtoulagyna syn berdi.

2. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Belarus Respublikasyndan ýörite uçuşlaryň ikisini amala aşyrar. Minsk şäheriniň halkara howa menzilinden guraljak bu uçuşlar 2-nji we 3-nji iýunda bolar.

3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa halkara uçar gatnawyny amala aşyrdy. Bu halkara uçuş, gatnawlaryň bölekleýin täzeden açylmagyndan soň, Türkmenistandan ilkinji daşary ýurt uçuşydyr.

4. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli multfilm şüweleňi geçiriler. 1-nji iýunda sagat 10:30-da geçiriljek şüweleňde multfilmleriň esasynda masgarabazlaryň alyp barmagynda çagalar bilen sorag-jogap, sowgatly soraglar, çagalaryň aýratyn ukyplary we ene-atalar üçin ýörite sowgatly bijeler garaşýar.

5. Türkmenistan we Tatarystan iki sany «Ro-Ro» görnüşli parom gämisini we Türkmenbaşyda bir deňiz konteýner gämisini gurmak boýunça hereket meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy.

6. Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenildi

7. Türkmenistanda programma üpjünçiligini döretmek üçin telekeçilere karz bermegiň tertibi tassyklandy.

8. Türk häkimiýeti hassahanalaryň çäginden başga ýerlerde hökmany agyz-burun örtügini dakynmak zerurlygyny ýatyrdy. Ýurduň saglygy goraýyş ministri bar bolan tejribäni göz öňünde tutup, raýatlaryň jemgyýetçilik ulaglarynda we köp adamly ýerlerde agyz-burun örtügini ýanyňda götermegiň kada laýyk boljakdygyny belledi.

9. Leonardo da Winçiniň "Jokondasyna" bir bölek tort zyňyldy
Luwrda ýerleşdirilen Mona Lizanyň suratyna garry aýal ýaly geýnen erkek adam bir bölek torty oklap ony suratyň ýüzüne çyrşady. Bu hereketden soň düzgüni bozujyny goragçylar galereýanyň binasynyň daşyna çykardylar.

10. Hokkeý boýunça Finlýandiýada geçirilen 85-nji Dünýä çempionatynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Finler finalda Kanadanyň ýygyndysyndan owertaýmyň netijesinde 4:3 üstün çykmagy başardy.

11. 2-nji iýunda Liwanda Sambo boýunça Aziýa çempionaty badalga alar. Çempionat 4-nji iýuna çenli dowam eder. Ýaryşda Türkmenistana 27 türgen wekilçilik eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň