Arhiw

Halkara howa gatnawy gaýtadan başlandan soň Aşgabatdan Dubaýa ilkinji uçuş ugrady

13:0030.05.2022
0
40416

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara uçar gatnawy Aşgabatdan Dubaýa ugrady. Bu halkara gatnawlaryň bölekleýin täzeden başlamagyndan soň Türkmenistandan ilkinji daşary ýurt uçuşydyr.

Günortan 12 töweregi Boeing 737-82K uçarynda T5 817 uçary Aşgabat halkara howa menzilinden Dubaýa ugrady.

Mundan öň, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa uçuşlaryň hepdede bir gezek duşenbe güni amala aşyryljakdygyny habar berdi. T5 818 uçary gaýdyp gelýän uçuş hem duşenbe güni ýerli wagt bilen 15:20-de uçar.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek. «Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen birlikde BAE-den ýörite uçuşlary daşary ýurt awiakompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy.

1-nji iýundan başlap Aşgabatdan Kazana göni uçuşlar gaýtadan dikeldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň